Ýaşlar — ýurduň ýüre­gi

Ýaşlar — ýurduň ýüre­gi
Makalalar
12.09.2023, 11:02
152
0
Ýaşlar — ýurduň ýüregi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny goýan, hormatly Prezidentimiziň üstünlikli dowam etdirýän beýik işleriniň netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda uly ösüşler gazanylýar. Döwletimiz tarapyndan uly üns-alada bilen gurşalyp alnan ýurdumyzyň bagtyýar ýaşlary hem şol ösüşlere mynasyp goşant goşmaklygy özleriniň iň esasy borçlary hasaplaýarlar.

Ýurdumyzda ýaşlar hakynda uly aladalaryň edilýändiginiň aýdyň subutnamasy hökmünde «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşini görkezmek bolar. Bu Kanun Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň eşretli, asuda, abadan durmuşda ýaşamagyna, okamagyna, işlemegine gönükdirilendir. «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» hem bu ugurdaky uly tutumlaryň biri bolup, ol ýaşlar barada edilýän aladanyň giň gerime eýediginiň ýene-de bir subutnamasydyr. Bu maksatnama ýaşlaryň durmuş goraglylygyny üpjün etmekde, olarda milli gymmatlyklarymyza, medeniýetimize, sungatymyza, edebiýatymyza we halkymyzyň taryhyna söýgi döretmekde diýseň uly ähmiýete eýedir.

Merdan Berdimyradow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1659
0