Gurmak gurpdan

Gurmak gurpdan
Makalalar
05.09.2023, 10:04
263
0
Gurmak gurpdan

Türkmen döwlet binag­ärlik-gurluşyk insti­tuty ýurdumyzyň bilim ulgamyny döwrebap­laşdyrmak, ýokary yl­my mümkinçiligi bolan giň gözýetimli, ma­ksada okgunly, inno­wasion tehnologiýala­ry dolandyrmaga ukyp­ly, ýokary hünär ta­ýýarlykly ýaşlary te­rbiýeläp ýetişdirýär. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 1-nji sent­ýabrynda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gat­naşmagynda Türkmen döwlet binagärlik-gu­rluşyk institutynyň täze binalar toplumy­nyň düýbüniň tutuluş dabarasy boldy.

2023-2024-nji okuw ýylynyň ilkinji günün­de ýokary okuw mekde­pleriniň birnäçesin­iň düýbüniň tutulmagy ýurdumyzda ýokary hünär bilimi ulgamyn­yň geriminiň barha giňeýändigini tassyk­laýar. Hormatly Prez­identimiziň degişli Kararyna laýyklykda, Aşgabat şäheriniň Görogly köçesiniň ug­runda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 5 müň orunlyk binalar top­lumy «Ajaýyp-gurluş­yk» hususy kärhanasy tarapyndan bina edi­ler. Institutyň bina­lar toplumyny 2026-­njy ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak göz öňünde tutulý­ar. Şol sanda täze okuw ýylyndan Türkmen döwlet binagärlik-­gurluşyk institutynda hem täze hünärleriň birbada 4-si — mag­lumat howpsuzlygy ugry boýunça bakalawr, binagärlik we gurl­uşyk işlerinde raýat goranyşyny meýille­şdirmek, ýol gurluşy­gy işlerinde raýat goranyşy, himiýa sen­agatynda we ulanylyş­ynda raýat goranyşy hünärleri boýunça hü­närmen maksatnamasy esasynda talyplara bilim berlip başland­y.

Türkmen döwlet binag­ärlik-gurluşyk insti­tutynyň täze binalar toplumynyň gurlup ulanylmaga berilmegi ýaş hünärmenleri ta­ýýarlamaga, ýurdumyz­yň hem-de dünýä ylm­ynyň, maglumat tehno­logiýalarynyň ýokary gazananlaryny işjeň peýdalanmaga, ylmy­-barlag işlerini has­-da giňeltmäge mümki­nçilik berer.

Altynaý Mämmedowa

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ mugallymy
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1659
0