Taryhy toplum

Makalalar
Taryhy toplum
Ýaponiýanyň Kýoto şäheri özboluşly binagärligi, täsin ybadathanalary we mukaddes ýerleri bilen köpleri haýrana goýýar. Tori däbine eýerilip gurlan, müňläp mämişi derwezeleri bolan «Fuşimi Taişa», «Kiýomizu-dera» we altyn «Kinkaku-ji» ýaly ybadathanalar toplumy aýratyn taryhy gurluşy bilen has-da ünsi özüne çekýär. Şäheriň köçelerinde bolsa, milli gaýyş geýimli ýaponlara köp duşmak bolýar. Bu ýerde mart aýlarynda güller açylyp, şäher edil multfilmlerdäki ýaly gözel görke eýe bolýar, şeýle-de bu aý syýahat etmek üçin iň amatly döwürdir.
Medeni gymmatlyk
Russiýanyň iň meşhur şäherleriniň biri bolan Sankt-Peterburg hakyky medeni paýtagt bolup, meşhur imperatorlaryň, rewolýusiýalaryň we ýurduň taryhynda beýleki möhüm wakalaryň mekanydyr. Batgalykdan ajaýyp metropolise öwrülen bu şäheri görmäge gelýänleriň sany ýylsaýyn artýar. Şäherde ýerleşýän Piterhofyň uly köşk toplumy, Ermitaž, Gyş köşgi (barokko) we Halasgär ybadathanasy gözel görke, ajaýyp binagärlige eýe bolmak bilen iň bir gelim-gidimli ýerlerdir. Mundan başga-da, şäher merkezi bolan Wasilýewskiý adasy gaýtalanmajak täsinlige, gözellige eýe. Sankt-Peterburg şäheri iýun we iýul aýlarynda ak gijeleri we Newada köprüleriň açylmagy bilen has-da özüneçekijidir.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instutynyñ talyby Dawut Garýagdyýew
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+EnterКомментарии (0)
In Kop Seredilen

Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...

Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...