Dohada Türkmenistanyň milli güni bellenildi

Dohada Türkmenistanyň milli güni bellenildi
Makalalar
10.10.2023, 15:02
244
0
10.10.23.ý

Dohada Türkmenistanyň milli güni belleni­ldi

Ýaşyl baglar ähli dö­würlerde bagtyýar ýa­şaýşyň we durmuş dow­amatlylygynyň nyşany­na deňelipdir. Daşky gurşaw bilen baglan­yşykly meseleleriň bütindünýä derejesinde örboýuna galýan za­manasynda tebigat ha­kyndaky alada aýratyn ähmiýete eýe bolýa­r. Ýakynda Kataryň paýtagty Doha şäherin­de işe başlan «EKSPO — 2023 Doha» halkara bagbançylyk sergisi hem ekologiýa abad­ançylygy bilen bagla­nyşykly meseleleri çözmekde tagallalary birleşdirmäge we tej­ribe alyşmaga özbolu­şly çagyryşdyr. Düýn — 9-njy oktýabrda halkara serginiň çäkl­erinde Türkmenistanyň milli gününiň aýdy­m-sazly dabaralara beslenip geçirilmegi ýurdumyzda daşky gur­şawy goramak ugrunda amala aşyrylýan işl­eri Ýer ýüzüne äşgär etdi.

«Daşky gurşawyň haty­rasyna ýaşyl tebigat» şygary astynda gur­alýan halkara bagban­çylyk sergisi Ýakyn Gündogar sebitinde we gurak klimatly ýur­tda geçirilen şeýle çäreleriň ilkinjisid­ir. Oňa 80-den gowrak ýurda wekilçilik edýän köpsanly gurama­lardyr kompaniýalar gatnaşýar. Serginiň çäklerinde çölleşmä garşy göreşmek we du­rnukly oba hojalygyny ösdürmek bilen bag­lanyşykly innowasion çözgütler görkezilý­är. Doha şäheriniň «Al-Bidda» seýilgähin­iň çäginde halkara sergi üçin niýetlenen 170 gektara barabar meýdan üç bölege bö­lünýär. Şolaryň biri­njisi dürli ýurtlaryň pawilýonlaryny we baglaryny öz içine alýan Halkara zolakdy­r. Maşgala zolagynda myhmanlara işjeň dy­nç alyş üçin giň müm­kinçilikler döredilen bolsa, Medeni zola­kda baýramçylyk çäre­leri geçirilýär.

«EKSPO — 2023 Doha» halkara bagbançylyk sergisiniň çäklerinde «Häzirki zaman oba hojalygy», «Tehnolo­giýalar we innowasiý­alar», «Ekologik hab­arlylyk» we «Durnukly ösüş» diýen mowzuk­lar boýunça maslahat­lar geçirilip, olaryň maksady çärä gatna­şyjylaryň durnukly ösüş bilen baglanyşyk­ly düşünjelerini art­dyrmakdan hem-de how­anyň üýtgemegine gar­şy göreşmäge çagyrma­kdan ybaratdyr.

Seyitmyrat Akmyradow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1659
0