Ýaşlar syýasaty üns merkezinde ​

Ýaşlar syýasaty üns merkezinde  ​
Makalalar
05.12.2023, 23:02
175
0
Ýaşlar syýasaty üns merkezinde ​

​ ​ ​ Beýik işleriň amala aşyrylýan döwründe her bir günüň özüne mahsus aýratynlygy, şatlyga hem ruhy baýlyga beslenýän ajaýyp joşguny bar. Güneşli ülkämiziň ruhubelent ýaşlary köpçülikleýin bedenterbiýäni, sporty, sagdyn durmuş ýörelgelerini özleriniň öňünde baş maksat edip goýýarlar. Munuň şeýle bolmagynda hormatly Prezidentimiziň aladasy netijesinde ajaýyp döwrümizde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bina edilen sport desgalarynyň, sport mekdepleriniň döwrebap şertleridir mümkinçilikleriniň örän ullakan ähmiýetiniň bardygyny bellemek bolar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli hem parasatly ýolbaşçylygynda giň goldawa eýe bolan adyl hem ynsanperwer döwlet syýasaty netijesinde ata Watanymyz ýokary depginler bilen ösýän ýurtlaryň hatarynda parahatçylyk söýüji döwlet hökmünde giňden tanalýar. Bu bolsa, asuda asmanyň astynda, parahat zeminiň üstünde, ata-babalarymyzyň arzuw eden bagtyýarlyk döwründe kämil bilim-terbiýe almak mümkinçiligine eýe bolan nesillerimiz üçin örän ähmiýetlidir.

Türkmenistan döwletimizde hormatly Prezidentimiziň aladalary netijesinde ýaşlar baradaky döwlet syýasaty iş ýüzünde üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu ugurdan guralýan täsirli çäreler, hakykatdan-da, ýaşlarymyzyň duýgy-düşünjelerine özboluşly täsir edýär. Muňa mysal hökmünde agzasak, 30-njy noýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýylyň ahyrynda ýaşlaryň dabaraly maslahatynyň we sergisiniň geçiriljekdigi habar berildi. Bu dabarada ýylyň dowamynda ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda geçirilen halkara sport ýaryşlarynda, mekdep okuwçylarynyň olimpiadalarynda, talyp ýaşlaryň bäsleşiklerinde ýeňiji bolanlaryň, şeýle hem ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda zähmet çekip, Diýarymyzyň ösüşine mynasyp goşant goşan ýaşlarymyzyň gazanan üstünlikleriniň jemi jemlener. Bu waka Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ajaýyp jemlenmesine öwrüler.

Geçiriljek dabaraly maslahatda we sergide ýaşlarymyzyň gazanan üstünlikleri, ylmy açyşlary öz beýanyny tapar.

Ýurdumyzy gülledip ösdürmek babatda ägirt uly işleri amala aşyrýan, ýaş nesle uly ynam bildirip, geljege ak ýol açýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, beýik işleri elmydama rowaç bolsun!

Resul Uşakow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0