Ynsanperwerligiň belent nusgasy

Makalalar
Ynsanperwerligiň belent nusgasy
Könelerimiz ýekeje mätäje el uzatmagyň ullakan sogapdygyny aýdypdyrlar. Bu gün türkmen halkynyň Milli Lideriniň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýöredýän ynsanperwer taglymaty, howandarlyk ýörelgesi bolsa bütin dünýäni çoýýar. Ýurdumyzda giňden bellenilen saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň çäklerinde şaýat bolanlarymyz dünýä uzan elleriň, jahany gurşan sahawatyň ýüreklerden gözbaş alan hoşallygynyň hut özüdir.
Adam bähbitlerini ileri tutmak, mertebesini belende göterip, adalatlylyk, adamkärçilik, ynsanperwerlik, ýokary ahlaklylyk, haýyr-sahawatlylyk, hemaýata mätäçlere kömek bermek ýaly türkmeniň ata-baba ýol-ýörelgelerine laýyklykda we meýletinlik esasynda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ynsanperwer başlangyçlaryny wagyz etmek, bitiren hyzmatlaryna sarpa goýmak, toplan tejribesini, ösýän halkara abraýyny giňden goldamak babatda görnükli işleri bitiren ýurdumyzyň raýatlaryny sylaglamak maksady bilen döredilen «Arkadag» medaly bu hünär baýramynda ilkinji eýesine, soňra-da ilkinji eýelerine gowuşdy. Sahawatyň, ynsanperwerligiň nusgalyk göreldesini görkezýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary bilen täze döredilen medalyň gowşurylmagy il-ulsumyzyň baýramçylyk şatlygyna şatlyk goşdy.
Sakasynda Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwer başlangyçlary duran gazna diňe bir howandarlyga mätäç çagalary saglygyna gowşurmak bilen çäklenmeýär. Onuň serişdeleriniň hasabyna ýurdumyzyň ähli sebitlerindäki çagalar hassahanalaryna ýa-da etrap-şäher hassahanalarynyň çagalar bölümlerine «Tiz kömek» ulaglary paýlanyp berildi. Onuň serişdeleriniň hasabyna dünýäniň dürli döwletlerinde tebigy heläkçiliklerde ejir çeken çagalara we olaryň ata-enelerine ynsanperwerlik kömekleri ugradyldy. Hut öňňin hem hormatly Prezidentimiz Owganystanyň Hyrat welaýatynda bolup geçen ýertitremede ejir çeken çagalara we olaryň hossarlaryna ynsanperwerlik kömegini bermek baradaky taryhy Buýruga gol çekdi. Buýruk dessine ýerine ýetirilip, ynsanperwerlik ýükleri dostlukly döwlete ugradyldy. Şeýle ýükler ýakynda Russiýa Federasiýasyna hem baryp gowuşdy.
Güljennet Sapargulyýewa
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ mugallymy
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+EnterКомментарии (0)
In Kop Seredilen

Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...

Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...