FAO galla önümçiligi barada çaklamasyny ýokarlandyrdy ​

FAO galla önümçiligi barada çaklamasyny ýokarlandyrdy  ​
Makalalar
11.10.2023, 07:06
269
0
FAO galla önümçiligi barada çaklamasyny ýokarlandyrdy

​ Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalygy guramasy 2023-nji ýylda galla önümçiligi baradaky çaklamasyny 2 milliard 819 million tonna çenli ýokarlandyrdy. Bu görkeziji üstümizdäki ýyl üçin berlen ozalky çaklamadan 0,9 göterim ýokarydyr. Has dogrusy, FAO-nyň galla önümçiligi boýunça täze hasabatyna laýyklykda, bugdaý hasylynyň 785 million tonna, iri däneli ekinleriň 1 milliard 511 million tonna, tüwüniň 523,1 tonna bolmagyna garaşylýar. Bu geçen ýylkydan 2,7 göterim köpdür. FAO tarapyndan hasyl çaklamalarynyň ýokarlanmagyna soňky aýlarda Russiýa Federasiýasy, Ukraina ýaly ýurtlarda däneli ekinler üçin amatly howa şertleriniň dowam etmegi itergi berdi. Muňa garamazdan, Kanadanyň esasy ekin meýdanlarynda dowam edýän gurak howa hasyllylygyň pese gaçmagyna sebäp bolup biler.

Ýeri gelende bellesek, FAO-nyň 2023-24-nji ýylda däneli ekinleriň söwdasy baradaky çaklamasy 460 million tonnadan gowrak bolup, sentýabr aýyndaky görkezijiden üýtgemedi. Ýöne ýyllyk görkeziji bilen deňeşdirilende, 1,7 göterim pese gaçdy.

Jumageldi Arbatow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0