Cowdary

Cowdary
Makalalar
21.12.2022, 15:46
568
0
Çowdary dänelik ekinleriň içinde bugdaýdan soňky çöreklik ekin hasaplanýar. Ol dänelik we ot-iýmlik ekin hökmünde dünýäniň köp ýurtlary bilen birlikde, biziň ýurdumyzda hem ekilýär. Häzirki wagtda eziz Diýarymyzda çowdarydan çörek önümlerini öndürýän kärhanalar işläp, azyk harytlary dükanlarynda çowdary çöreginiň dürli görnüşleri halkymyza hödürlenilýär.

Lukmanlar çowdary çöreginiň ynsan saglygy üçin peýdalydygy, onuň, esasan-da, berhizlik ähmiýetiniň bardygy barada anyk maglumatlary berýärler. Çünki onuň dänesiniň düzüminde adam bedenine gerek bolan birnäçe witaminler, beloklar, uglewodlar, mineral maddalar saklanýar. Ylmy maglumatlara görä, çowdary dürli keselleriň öňüni almakda, bejermekde hem uly ähmiýete eýedir.

Çowdary çöregini taýýarlamagyň aýratynlyklary nämeden ybarat?! Adaty bugdaý unundan taýýarlanylyşy ýaly, çowdary ununa hem hamyrmaýa goşulýar. Ýöne ýokary hilli çowdary çöregini taýýarlamak üçin hamyryň turşulygynyň ýokary bolmagy hökmandyr. Şeýle bolanda, ol dykyz gelýär. Çowdary çöregi goňurdan goýy, garamtyl reňkli bolýar. Hili gowy bolanda, dykyz, jaýryksyz hem gapdallary gädiksiz bişýär. Bugdaý uny garylyp taýýarlanylan çowdary çöreginiň tagamy başgaça bolýar.

Çowdary çöregi dürli witaminlere, şol sanda magniý we kaliý ýaly minerallara baý. Biziň gündelik iýmitimizde bu çörek diňe bir kaloriýanyň we iýmitlenmegiň goşmaça çeşmesi bolman, eýsem, onuň süýji kesellilere peýdaly taraplary-da bardyr. Ol içege üçin has-da peýdaly bolup, serotoniniň düzümini we şekeriň ýagdaýyny kadalaşdyrýar. Iýmit siňdiriş ulgamynyň kadaly bolmagynda, süňkleriň berkemeginde we gan goýalmagynyň öňüni almakda peýdalydyr. Çowdary dänesini gaýnadyp içseň, bagryňy, ganyňy arassalaýar. Dänejiklerini suwda ezip goýup, şineledip iýeniňde, sagdyn bolmagyňa peýdasy bardyr.

Zenanlarymyzyň käbiri artykmaç agram edinmezlik üçin naharyň ýanyndan çörek iýmeýärler. Zenanlara çowdary çöregini iýmegi maslahat berip bolar. Çünki bu çöregi näçe iýseň-de, semretmeýär. Şähdiňiziň açyk bolmagyny isleseňiz hem çowdary çöregini iýmegi unutmaň. Şeýle-de ony iýseňiz, özüňizi uzak wagtlap dok duýarsyňyz. Çünki onuň ýokumlylygy, doýgunlylygy ýokary bolup, birbada başga iýmit küýsetmeýär.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instutynyñ talyby Allanur Ataýew
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2284
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1655
0