Sanlylaşdyrma — ösü­şiň möhüm şerti ​

Sanlylaşdyrma — ösü­şiň möhüm şerti  ​
Makalalar
05.09.2023, 16:15
247
0
Sanlylaşdyrma — ösüşiň möhüm şerti

​ Tehnologiýalaryň çalt özgerýän zamanasynda sanly ulgam durmuşyň we ykdysadyýetiň ähli ugurlaryna işjeň ornaşdyrylýar. Bazar bäsdeşliginiň güýçlenýän şertlerinde sanly ulgama geçip, döwrüň tizligine eýermek işewür düzümler we önümçilik kärhanalary üçin aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň netijeli peýdalanylmagy bäsdeşlikde üstünlik gazanmaga ýardam berýän esasy şertleriň biridir. Şoňa görä-de, «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» çäklerinde döwlet hyzmatlaryny we hususy işewürligi sanlylaşdyrmak boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar.

Sanly ulgam ähli ulgamlar üçin özgerýän dünýäniň şertlerine uýgunlaşmagyň ygtybarly ýoludyr. Ykdysadyýetiň sanlylaşdyrylmagy kärhanalar üçin ençeme artykmaçlyklary hödürleýär. Şolaryň biri-de müşderiler bilen gatnaşyklaryň kämilleşmegidir. Sanlylaşdyrmak işiniň ilerlemeginde müşderiler esasy güýçdür. Döwlet düzümleriniň we hususy kärhanalaryň işiniň sanly ulgama geçirilmegi müşderiler üçin uly ýeňillikleri döredýär. Şunlukda, müşderiler beýleki guramalardyr kärhanalardan hem şeýle ýeňilliklere garaşýarlar. Sanly tehnologiýalar müşderiler bilen göni gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik berýär. Meselem, bank ulgamynda, saglygy goraýyşda, döwlet hyzmatlarynda täze tehnologiýalaryň, innowasion usullaryň ornaşdyrylmagy ozal çylşyrymly bolan işleriň ep-esli ýeňilleşmegini şertlendirdi.

Kemal Akmämmedow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0