Magtymguly pragy

Magtymguly pragy
Makalalar
18.12.2022, 16:00
553
0
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

Akyldar şahyryň ylma goýan sarpasy

Magtymguly Pyragynyň döreden eserleri türkmen edebiýatynyň dünýä nusgalyk genji-hazynasydyr. Bu eserler öz many-mazmuna baýlygy bilen dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan hem ykrar edilendir. Şahyryň köpugurly döredijiliginiň haýsy ugruna ser salanyňda hem ol ýerden kän peýdaly maslahatlary tapyp bolýar. öahyr kitap okamak, ylma sarpa goýup, ony öwrenmek hakynda hem kän wagyz edipdir.

Onuň kitap okamak baradaky: “Kitap okan gullar magnydan dokdur” diýen setirleri hem muny subut edýär. Akyldar şahyryň ylym öwrenmek, bilim almak baradaky öňe süren garaýyşlary hut öz ykbaly bilenem baglydyr. Çünki şahyr ýaşlygyndan öz kakasy Döwletmämmet Azadydan sapak alypdyr. Soňra bolsa, öz bilimini giňeltmek maksady bilen şol döwrüň iň arzyly okuw medreselerine gidip, ylym öwrenipdir. Şonuň üçinem şahyryň her bir döreden eseri diňe sungatyň bir görnüşi bolan şygyr sungaty bolmak bilen çäklenmän, olar durşuna ylma ýugrulan eserlerdir. Şahyryň döredijiligi bilen giňişleýin tanyş bolan alymlar hem munuň şeýledigini tassyklaýarlar. Hut şol sebäpli akyldar şahyryň köp syrly setirleri henizem öz manylarynyň çözgüdini tapman gelýär. Çünki ol eserlerde ylym öwrenmegi wagyz etmek bilen şahyryň ylym babatynda öz ýeten derejesem aýdyň görünýär.

Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenmek geljekgi nesiller üçin ýol hem ýörelge bolmagynda galýar.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instutynyn talyby Agajan Taganow
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1659
0