Makalalar
05.08.2023, 12:32
182
0
Çaý we çaý restorany

Türkmeniň ilki hezzeti,

Duz datmankaň çykar gök çaý.

Çaý türkmen halkynyň myhmana bolan hezzet gormaty, hödür keremi çünki çaý başynda edilen gürrüňler tüýs jüpüne düşüp kalbyňy rahatlyndyrýar. Biz çaý başynyň söhbedini Aşgabatda ýerleşýän ýaňy -ýakynda 1 ýaşan ,,Çaý’’ restoranynda dowam ederis. Ilki bilen bu restoran barada söz açanymyzda dünýäde seýrek gabat gelýän käriň eýesi çaý somelýesiniň hut şu ýerde zähmet çekýänligi barada üns çekesimiz gelýär. Sebäbi bu käriň eýeleri çaýyň yssyndan we tagamyndan onuň haýsy döwletde ösdürilip ýetişdirilenligini hem aýdyp bilýär. Oňa başgaça titester diýilýär. Çaý restoranynda sanap aňrysyna çykyp bolmaýan çaýyň görnüşleri hödürleýär. Ol görnüşler şähdiňi açýar, ýadowlygy aýyrýar, gan başysy kadalaşdyrýar, iýmit siňdiriş, öt, içege üçin peýdaly bolan çaýlaryň ençeme görnüşleri we kokteýllar. Bu restoran açylan gününden bäri günüňizi çaýdan başlap çaý bilen tamamlanmagy üçin her gün 9:00-dan 22:00-a çenli müşderileriň hyzmatynda bolmak bilen çäklenmän eltip bermek hyzmaty hem göz öňünde tutulandyr. Çaýlaryň käbir görnüşlerini hut şol ýere baryp içmegi çaý somelýesi maslahat berýär. Türgenler üçin hem türgenleşikden soňky kokteýller hödürlenilýär.

Nabat Kiçiýewa

Lebap welaýatynyñ Kerki etrap merkezi kitaphanasynyñ Gyzylaýak geñeşligindäki kitaphana sahamçasynyñ kitaphanaçysy
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2284
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1656
0