Makalalar

Makalalar
Makalalar
12.11.2023, 20:57
502
0
Hünär kämilligi — döwrüň talaby

Adamzat jemgyýeti döräli bäri şu günki güne çenli ähli zatlar kämillige tarap ösýär. Her bir zadyň özgerip ösmegi bolsa ylym bilen gönüden-göni bagly bolup durýar. Ylym älemine ynsan durmuşyna ýagtylyk berýän röwşen çyrag diýsek hem ýalňyşmasak gerek. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilimiň iň soňky gazananlaryny dürli ugurlara ornaşdyrmak, hususan-da, ylmyň öz ösüşi üçin zerur şertleri döretmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan meselesine öwrüldi.

Dünýä ylmynyň gazananlaryny döwletimizde ornaşdyrmak, ylmy-tehniki gatnaşyklary alyp barmak, öz işinden kämil baş çykarýan ussat hünärmenleri taýýarlamak ýurdumyzda giň gerime eýe bolýar.

Şu nukdaýnazardan ugur alyp, häzirki wagtda ýurdumyzyň iň baýry ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Türkmenistanyň Oguz han adyndanky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde geçirilýän sapaklar iki basgançakly bilim derejesi boýunça guralýar. Uniwersitetiň Pedagogika bilimi (tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagyň usulyýeti) ugry boýunça bilim alýan magistrantlara hem ýokary derejede bilim berilýär.

Dünýä tejribesinden ugur alnyp, hünärmenleri taýýarlamagyň iki basgançakly ulgamyna geçilmegi hem-de bakalawr we magistr maksatnamalarynyň girizilmegi geljekki hünärmenlere okuw maksatnamalaryny has giňişleýin özleşdirmäge mümkinçilik berýär.

Döwlet Baştutanymyz innowasion ykdysadyýetiň talaplaryna we halkara standartlaryna laýyk gelýän ýokary bilimiň iki basgançakly ulgamyny tapgyrlaýyn ornaşdyrmak bilen, ylmyň we tehnologiýalaryň, şeýle hem halkara tejribesiniň gazananlaryny ulanmaga, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň hünärini ýokarlandyrmaga uly ähmiýet berýär.

Bize​ şeýle​ mümkinçilikleri​ döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, döwlet ähmiýetli alyp barýan işleri elmydama rowaç bolsun!​

Türkmenistanyň Oguz han adyndanky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Pedagogika bilimi (tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagyň​ usulyýeti) ugry boýunça magistranty

Atageldi Garajaýew
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1659
0