Milli bahar bayramy

Milli bahar bayramy
Makalalar
20.03.2023, 20:34
299
0
Milli bahar baýramy Türkmeniň toýy goşa-goşadan gelýär. Biziň üçin uly ähmiýeti bolan şeýle baýramlaryň biri hem Nowruzdur.

Nowruz baýramy türkmen halkymyz tarapyndan uly dabara bilen bellenilýär. Ähli ýerde toý gazanlary atarylýar, naz-nygmatdan doly saçaklar giňden ýazylýar. Her kim özüniň täze tikinen egin-eşigini geýip, dogan-garyndaşynyka, dost-ýarynyňka, tanyş-bilişiniňkä görme-görşe barýar. Hemmeler biri-birini baýramçylyk bilen gutlaýar. Nowruz baýramçylygyna watandaşlarymyz zähmet üstünlikleri, toý serpaýlary bilen gelýär. Diýarymyzyň ähli künjeginde bu baýram mynasybetli aýdym-sazlar ýaňlanyp,dabaradyr çäreler guralýar Nowruz dünýäniň ençeme halklarynyň,şol sanda türkmen halkynyň hem kalbynda we hakydasynda ençeme asyrlar bäri ýaşap gelýän iň gadymy baýramlaryň biridir.Baharda açylan gül-gülälegi,görmäge göz,taryplamaga söz gerek.Tämiz howanyň gözelligine görk goşýan guşlaryň sesi,çagalaryň şat gülküsi,olara öz mährini siňdirýän mährem eneler,bägül dek açylan owadan gelin-gyzlarymyz baharyň gelşigidir.

Internet habarlary esasynda taýýarlanan

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instutynyñ talyby Aýsa Rahmanowa
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2285
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1656
0