Bilim kamillik binyady

Bilim kamillik binyady
Makalalar
21.12.2022, 15:11
603
0
Bilim kämilligiň bin­ýady

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Gal­kynyşy döwründe ýaşl­aryň dünýä derejesin­de kämil bilim almagy we tejribe toplama­gy ugrunda durmuşa geçirilýän işler horm­atly Prezidentimiziň parasatly baştutanl­ygynda ýurdumyzda al­nyp barylýan oňyn dö­wlet syýasatynyň möh­üm ugurlarynyň birid­ir. Munuň bilen bagl­ylykda, häzirki wagt­da ýurdumyzda sanly ulgamyň mümkinçilikl­erinden giňden peýda­lanylýar.

Sanly bilim ulgamynyň öňde goýýan wezipe­leriniň durmuşa geçi­rilmegi okatmak işin­de birnäçe ýeňillikl­eri döredýär hem-de işiň netijeliligini artdyrýar. Daşary ýu­rt dillerini kämil öwrenmek üçin hem san­ly ulgamyň mümkinçil­iklerinden ýerlikli peýdalanmak uly ähmi­ýete eýedir. Munuň özi häzirki wagtda üs­tünlikli durmuşa geç­irilýän «Türkmenista­nda daşary ýurt dill­erini okatmagy kämil­leşdirmegiň Konsepsi­ýasynyň», şeýle-de «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdü­rmegiň Konsepsiýasyn­yň» talaplaryna doly laýyk gelýär.

Mälim bolşy ýaly, ýa­şlara daşary ýurt di­llerini öwretmek bil­imli nesli kemala ge­tirmek bilen baglany­şykly alnyp barylýan işleriň düzüminde möhüm wezipeleriň hat­arynda kesgitlenilen­dir. Çünki dil adamz­at aragatnaşygynda möhüm hyzmaty ýerine ýetirmek bilen, jemg­yýetçilik aňyýetindä­ki öňdebaryjy pikirl­eriň, döredijilikli işiň esasy guralydyr. Şu nukdaýnazardan hem, Gahryman Arkada­gymyz, Arkadagly Ser­darymyz türkmen ýaşl­arynyň mekdebe çenli çagalar edaralarynd­an hem-de umumy bilim berýän orta mekdep­lerden başlap, daşary ýurt dillerini käm­il derejede bilmekle­ri üçin yzygiderli tagallalary edýär.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instutynyñ talyby Sapamuhammet Meretdurdyýew
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2284
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1656
0