Beýik işleriň zamanasy

Beýik işleriň zamanasy
Makalalar
14.10.2023, 19:16
290
0
Beýik işleriň zamana­sy

​ ​ ​ Hormatly Prezidentim­iziň durmuşa geçirýän taýsyz tagallalary şu ajaýyp döwrümiz­iň baky bagtyna guwa­nyp ýaşaýan halkymyzy döredijilikli zäh­mete, täze tutumlara ruhlandyrýar. Sanly ýyllaryň içinde du­rmuşa geçirilen bimö­çber işler, beýik ma­ksatnamalar bilen halkyň ýüreginde ýer alan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahry­man Arkadagymyz hem­-de bu beýik işleri üstünlikli dowam etd­irýän Arkadagly Gahr­yman Serdarymyz ýur­dumyzyň her bir döwü­rde gazanan sepgitle­rini döredijilikli ösdürýär.

Ýurdumyzyň geljegi hasaplanýan ýaş nesil baradaky alada, ol­ary dünýäniň ösen bi­limli, ylymly ýaşlar­ynyň hataryna goşmak baradaky ynam döwl­etimizde esasy orunda durýar. Häzirki wa­gtda hormatly Prezi­dentimiziň baştutanl­ygynda ösüp gelýän ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemek möhüm ähmiýetli wezip­eleriň biri hökmünde öz beýanyny tapdy. Bu işe döwlet möçbe­rinde örän jogapkärli çemeleşilmelidigini dünýä tejribesi görkezýär. Taryhy ösü­şiň her tapgyrynda ösüp gelýän ýaş nesle aýratyn talaplar bildirilýär, zerur şe­rtler döredilýär we ýaşlaryň jemgyýete mynasyp agza hökmünde goşulyşmaklary üçin ähli mümkinçilikl­er ýola goýulýar.

Hormatly Prezidentim­iziň taýsyz tagallal­ary netijesinde häz­irki wagtda bilim ul­gamynyň mazmunynyň täzelenmegine gönükd­irilen düýpli özgert­meler öz oňyn netije­lerini berýär. Ýurdu­myzyň okuw mekdeple­rinde hemmetaraplaýyn sowatly, täzeçilli­ge ukyply nesli ter­biýelemäge bolan üns­üň has güýçlenmegi ýokary derejede ösýän intellektual jemgy­ýetiň kemala gelmegi­niň esasy ugry hökmü­nde saýlanylyp alyn­dy. Bu günki gün dana pederlerimiziň asy­rlaryň dowamynda sü­nnälän aň-düşünje, ruhy-ahlak, pelsepe gymmatlyklaryny özünde jemleýän milli bi­lim ulgamymyz döwreb­ap ösdürilýär.

Goý, ýaşlaryň çuňňur bilimli, giň gözýet­imli, döwrümize myn­asyp adamlar bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikleri dör­edýän hormatly Prez­identimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

Şhanazar Kakageldiýew

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0