Hekaya

Hekaya
Makalalar
18.12.2022, 08:09
631
0
Täze ýyly gijesi-ýolda

-Ynha indi Täze ýyly otlynyň üstünde garşyla-da otyr. Barsam ozumden boldy-da. Ýogsam otla dun munmelidim-diýip ýol petegine seredip, goşleryny ýerleşdirip duran ýigdekçe garşysyndaky ýerde oturan ýaşulurak adama nazary duşenden, aýdan sözinden ütandymy nämemi oňa ýuwaşyrakdan salam berdi. Ýaşuly salamlaşandan soň;

- Bu nesibedir diýip agras ýüzlendi.-Munuň üçin darykma ogul! Gaýta siz buýsanmaly nesil.Sebäbi Täze ýyly garş almak sizde ýatdan çykmajak täsir galdyrmaly.Onsň hem bilip goýgun ogul, ýolda eden arzuwlar, dilegler hasyl bolýandyr. Men hem siziň ýaşlaryňyzdakam Täze ýyly ýolda garşylapdym, ýone oňa gynanmadym, meniň ýolda eden arzuwym hasyl boldy-diýip. Ol gürrüňiniň şu ýerinde säginip, aýnadan daşaryk garap, uzaklardan görünýän yşyklarysynlady,- Menem şu gün ýene bir gowy aladalar bilen Täze ýyl gijesine gabatlap ýola çykdym. Gör-ä nesibäm özüň ýaly alçak, açyk göwünli, gowy ýoldaşa duşurdy. Siz bagtly zamananyň ýaşlary. Döwrimiziň gadryny biliň.

Ynha elindäki telefonda öýüňizdäkiler bilen ýüzbe-ýüz gürleşip otyrsyňyz. Biziň ýaşlyk döwrümiz bolsa... Ol şeý diýdide birbada agras dymdyOnuň ýüzüne geçmişiň kyn döwurleriniň agraslygy çaýylan ýaly boldy. Ýaşulynyň gürrüňleri gysynjaň ýaş ýigidi köşeşdirdi. Ol indi gürrüňdeşiniň aýdýan her bir sözini gapyp aljaga meňzäp, gulga owrülip diňläpoturşyna sowal bilen ýüzlendi;

-Agam ýaňy siz meniň ýaşymdakaňyz Täze ýyly ýolda garyşladym, ýöne ökünmedim, arzuwym hasyl boldy diýdiňiz welin?..

-Hä, siz ony sorarsyňyza, öýtdim, gowsy, men ol wakany gürrüň bereýin- diýdi-de ýaşuly ykjamlandy- Geçen asyryň 80-nji ýyllardy. Men ýük awtoulagynyň sürüjisi bolup işleýärdim. Obadaşymyz Gurban aganyň gyzy Aýjemala hem sözaýdyjy ugradypdym, men onuň aşygydym. Olar ejeme;” Habaryny soň ýetireris, häzir pylan diýip biljek däl” diýipdirler. Içiňi ýakaýyn diýen ýaly, has dogrusy,Täze ýyly garyşlamaly güni olardan habar geldi “ Aý bizä göwneşmedik, nesibäňizi başga ýerde gözläberiň” diýip Dünýäm duňderildi ýaly boldy, hiç ýerde durasym gelenokdy. Birdenem Seýdi aganyň”Çopanlarynyň halyndan hem habar alyp gelmeli welin ýa-da şu gün agşam Täze ýyly garşylap, ertir gidaýelimi” diýen sözi ýadyma düşüp, göni onuň ýanyna baryp, şu gün gitmegi ondan haýyş etdim. Biz epesli ýöränimizden soň, awtoulagym näsazlyk tapyp, ýolda gallyk. Indiki menzile çenli aralykda iňlär siňek uçjak däldi. Ymgar çöl sährasy. Howada çigräkdi, Seýdi aga derrew odun çöpläp, ot ýakdy,Ol halden meniň gürlemän gelşimi halamandyr .Soňra ol näme üçin ýüzuuň solukdygyny sorady. Men hemme zady bolşy ýaly gürrüň berdim.Ol ody öçürip oturşyna bir ýylgyr-dy-da;- Asyl “Ýör çöle şu gun gideli” diýip gelşiňden hem bir zat bardygyny duýdum-la. Oglum bir gerek ýok diýenleri üçin darykma, bilýärmiň pygamberler ýörän ýollarda, Hydyr gezen çöllerde edil dilegler hasyl bolýandyr. Gör-ä çölüň ortasyndaulagmyzyň näsazlyk tapdy duryberdi, men häzir çäkmenimi egnime atyp, ulagda biraz irkiljek, senem Täze ýyl kalbyňda besleýän zadynňy arzuwlap garşyla, enşalla hasyl bolar” diýdi.

-Meniň gözüme uky geler ýaly däldi. Seýdi aganyň sözlerine şeýle bir ynandym welin, hiç aýdyp diýer ýaly däl. Uzak gije ilkinji göwun beren gyzyma gowuşmagy dileg etdim. Ertir daň atanda yzdan gelýän bir awtoulagyň sürüjisiniň kömegi bilen barmaly menzilimize ýetdik. Esasy zat öýe dolanyp gelemde ejem dagy “Gurbanlara biraz gowşan ýaly,ýene gelip görsünler diýipdirler” diýdi. Şeýdip gowun beren gyzym bilen toý tutdyk, bagtyýar maşgalamyz bar.

-Ýaşuly dymdy. Onýança oty wagonynyň Ýolbelediniň eli çäýnekli çaý alyp girmegi dymyşlygy uzaga çekdirmedi. -Ynha sanlyja salymdan Täze ýyl başlanýar.Täze ýylyňyz düşümli bolsun!

-Hemmaňiziňki bile bolsun!-diýip ýasuly ony ugradyşyna meniňýüzüme seretdi.

Men bolsa doňan ýaly bolup oturdym.Birden hem gownümdäkini gürläp goýberdim;

-Sagboluň ýaşuly, siz meniň göwnümi giňeltdiniz. Meniň hem gowy görýän gyzymy ata- emnesi bermejek bolýar,Allajan, şu Täze ýyl gijesinde hemme aşyklaryň arzuwyhasyl bolyp, magşuklaryna gowsup, siziň ýaly bagtyýar maşgala bolsun. Men şuňy ak ýollarda arzuw edýärin!

Türkmen döwlet binagärlik- gurluşyk Institutynyň talyby Didar Öwezow
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1659
0