Saglyk başymyzyň täji

Saglyk başymyzyň täji
Makalalar
01.05.2023, 18:04
349
0
Saglyk başymyzyň täji

“Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzda amala aşyryrlan hem şu günlerki alnyp barylýan işler, ynsan saglygynyň aladasynyň döwletimiziň möhüm ugry bolup durýandygyny görkezýär. Bu ugry kämilleşdirmek we ösdürmek üçin ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynda Bütindünýä saglyk gününiň, iýun aýynda Bütindünýä welosiped gününiň çäreleriniň giň gerim bilen bellenmegi, dürli sport bäsleşikleri bilen utgaşykly alnyp barylýar.

Ynsan saglygyny goramak maksady bilen dürli ýyllaryň dowamynda döwrebap şypahanalary döretmek işi hem netijeli dowam etdirilýär. 2009-njy ýylda Arçman, 2012-nji ýylda Berzeňňi, 2014-nji ýylda Daşoguz şypahanalarynyň binalary, 2018-nji ýylda Awaza, 2020-nji ýylda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çägindäki Bagabat şypahanalary açylyp, ulanylmaga berildi. Öňden bar bolan şypahanalaryň durky täzelenip, döwrebaplaşdyryldy.

Munuň özi Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başlangyjy başlanan asylly işleriň Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyz tarapyndan döredijilikli dowam etdirilýändigini görkezýär.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby Suleýman Döwletow
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2285
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1656
0