Täze ýyl

Makalalar
Ine-de, biz ýene-de süýjüje aladanyň — Täze ýyl baýramçylygynyň saçagyny geçen ýylkydan üýtgeşik hem bol bezemegiň arzuwyna ataryldyk. Biziň bu arzuwymyzy hasyl etmek üçin diňe söwda merkezlerine baryp, biri-birinden datly miwelerdir gök önümleri satyn almak üçin wagt tapaýmak galýar. Ýetip gelýän 2023-nji, Täze ýyly mynasyp garşylap, şol günki şatlyk-şowhuny indiki ýylyň her gününe ýetjek gönezlik deý arzylamak, şol günüň jadylaýjy täsirini bezemen ýaşyl arçanyň, ak sakgally Aýazbabanyň, garamyk gözli Garpamygyň, göreniň gözlerini egleýän bereketli saçagyň üsti bilen şadyýan çagajyklaryň aňynda hemişelik galdyrmak hemmämiziň arzuwymyz! Goý, bu ajaýyp arzuwlarymyzyň wysaly Täze ýyl gijesinde zybanlardan çykýan hoş sözler, mähirli gutlaglar bilen utgaşyp, köne ýyl bilen Täze ýylyň duşuşýan ylahy pursadyny has-da ýakymly pursatlara öwürsin! Goý, geljek ýylda daýhanlarymyzyň joşgunly zähmetinden bereket joşýan topragymyzyň sahawaty kemelmesin!
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instutynyñ talyby Meýlis Hemraýew
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instutynyñ talyby Meýlis Hemraýew
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+EnterКомментарии (0)
In Kop Seredilen

Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...

Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...