Täze ýyl baýramçylygy

Täze ýyl baýramçylygy
Makalalar
21.12.2022, 13:38
539
0
Täze ýyl baýramçylygy diýilse, şolbada göz öňüňde dürli oýunjaklardyr reňbe-reň zerler bilen bezelen bezemen arça janlanýar. Onuň yzysüre bolsa, bezegi arçanyňkydan ýokary bolmasa, pes bolmadyk Täze ýyl saçagy...
 
Heniz çaga wagtlarymyz apelsin, mandarin ýaly tropik miweler diňe Täze ýyl saçagynda goýulýandyr diýip pikir ederdik. Şonuň üçinem her Täze ýyl baýramçylygynda ejemiziň bezeýän saçagynda köpden-köp del miweleri goýmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşardyk. Aý aýlanyp, ýyllaryň geçmegi bilen özümize-de eje bolmak nesibesi çekdi. Indi birnäçe ýyldan bäri Täze ýylyň baýramçylyk saçagyny bezemek öz paýymyza düşýär. Sözümi lap edip aýtdygym däl, dogrusy, Täze ýyl gijesi baýramçylyk saçagyny iki gezek täzeleseňem, saçaga sygman galýan zatlar az bolanok. Bu buýsandyryjy ýagdaý gönüden-göni daýhanlarymyzyň joşgunly hereketinden, ýylba-ýyldan bol hasyl berýän topragymyzyň berekedinden nyşan. Biri-birinden parhly ýyllaryň bizi özgerdişi ýaly, her ýylky Täze ýyl saçagynyň bezegem barha özgerip gitdi. Bizi çagalyk ýyllarymyzdaky ýetip gelen Täze ýylyň «ysyny» getirýän apelsindir mandarinleriň daşyndan banan, kiwi, limon... ýaly tropik miweleri indi islän wagtyň, islän söwda merkeziňdendir ak bazaryňdan tapyp bolýar. Bu miweleriň birnäçesiniň indi türkmen telekeçileri tarapyndan ýyladyşhanalarda ösdürilip başlanandygyny we ak bazarlaryň tekjelerinde mynasyp orunlaryny tapyp, azyk bolçulygynyň üstüni ýetirýändigini bellemek has-da ýakymly. Munuň özi edermen daýhanlarymyzyň oba hojalyk pudagynyň inçe önümçilik usullaryny barha berk özleşdirip, tejribelerini kämilleşdirýändikleriniň aýdyň subutnamasydyr. Bir söz bilen aýtsak, tejribeli telekeçi daýhanlarymyzyň, bagbanlarymyzyň zähmeti netijesinde indi çagalarymyza del miwelerdir gök önümleri diňe Täze ýyl baýramçylygynda däl, eýsem, göwün islän günüň alyp bermäge-de ähli şertler döredilen. 

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instutynyñ talyby Myratnazar Girmäýew
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0