Arkadagyň sungaty halkara sanawa girizildi

Arkadagyň sungaty halkara sanawa girizildi
Makalalar
08.11.2023, 12:48
293
0
Arkadagyň sungaty halkara sanawa girizildi

Dünýä jemgyýetçiliginde giňden bellenilýän Şäherleriň bütindünýä gününde ýurdumyzyň başlangyjy bilen Aşgabat şäheriniň «Dizaýn» ugry boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) döredijilik şäherleriniň toruna girizilmegi ýurdumyzyň paýtagtynyň sebitiň parahatçylyk merkezi hökmünde ornunyň barha beýgeldýändigini dabaralandyrdy.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň bu şanly wakasy hormatly Prezidentimiziň parasatly tagallalary bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň halkara abraýynyň hem barha belende galýandygynyň aýdyň beýany boldy. Aslynda, türkmen halky taryhyň ähli döwürlerinde hem dünýä medeniýetiniň baýlaşmagyna, siwilizasiýanyň ösmegine önjeýli täsirini ýetiripdir.

Arkadagly eýýamymyzda Milli Liderimiziň parasatly taglymatlary netijesinde milli däplerimiz dünýäde parahatçylykly ösüşi ilerledýän dünýä nusgalyk ýörelgeler bilen baýlaşýar. Paýtagtymyz Aşgabadyň «Aziýanyň merjen şäheri» diýen ykrarnama eýe bolmagy hem-de dünýäniň iň owadan, ýaşamak üçin amatly şäherleriniň birine öwrülmegi hem munuň aýdyň mysallaryndandyr.

Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli ýazan «Aşgabat» atly eserinde: «Aşgabat şäheri — döwrebaplygyň nusgasy. Paýtagtymyzda täze gurlup, ulanylmaga berilýän binalar «akylly» şäher amatlyklaryna esaslanýar» diýip, paýtagtymyzyň gözelligiň täze öwüşginleri bilen barha baýlaşýan gaýtalanmajak binagärlik keşbini mynasyp wasp edýär.

Jumasähet Durdyýew

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2285
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1656
0