Gahryman Arkadagymyz­yň ynsanperwerlik ta­glymaty

Gahryman Arkadagymyz­yň ynsanperwerlik ta­glymaty
Makalalar
11.10.2023, 07:23
291
0
Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwerlik taglymaty

Her bir milletiň, her bir adamyň hukuklary diňe bir şu günki gazanylanlar bilen çäklenmeýär, olar geljegi, medeniýetiň, däp-dessurlaryň, nesilleriň dowamat-dowam bolmagyny, şunda çagalaryň bagtyýar, abadan durmuşy baradaky umyt-arzuwlarynyň hasyl bolmagyny hem göz öňünde tutýar. Şoňa görä-de, çagalar üçin ähli mümkinçilikleri döretmegiň bu maksada ýetmegiň esasy wezipesi hökmünde öňe çykmagy kanunalaýyk ýagdaýdyr. Şu nukdaýnazardan, häzirki wagtda Garaşsyz Türkmenistanda çagalary hemmetaraplaýyn goramak we goldamak üçin aňrybaş şertler döredilendir.

Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň döwlet taglymatynda hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän içeri we daşary syýasatynda ynsanperwer gatnaşyklara esaslanýan çagalar, ýaşlar, geljek baradaky alada jemgyýeti jebisleşdirmegiň, döwlet berkararlygyny üpjün etmegiň möhüm ähmiýetli ugurlarynyň, depginli ösüşiň esasy şertleriniň biri bolup çykyş edýär. Şunda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň ähmiýeti örän uludyr. Bu gaznanyň işiniň aýratynlyklary, elbetde, onuň Tertipnamasynda berkidilen. Ýöne gaznanyň maksatlaryndan gelip çykýan wezipeleriň düýp mazmuny barada pikirlensek, biz ýene bir hakykata göz ýetirýäris. Munuň özi türkmen halkynyň özboluşly ynsanperwer ýörelgelerinden gelip çykýar. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde: «Gazna tarapyndan ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň howandarlygyndan galan çagalar we ýetginjekler aýratyn alada bilen gurşalyp alynýar. Gaznanyň serişdeleriniň hasabyna howandarlyga mätäç köp sanly çagalaryň saglygy dikeldildi. Biz bu işleri geljekde-de dowam etdireris. Munuň üçin döwletimiziň hem, gaznanyň hem ýeterlik serişdeleri bar» diýip bellemegi-de halkymyzyň ynsanperwerlik, mätäji goldamak ýaly milli ýörelgelerine eýermek bilen, ýurdumyzda hiç kimiň hossarsyz galmaýandygyny aýdyň äşgär edýär.

Atajan Azizow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1659
0