Paýtagtymyzyň kämil binagärlik nusgasy

Paýtagtymyzyň kämil binagärlik nusgasy
Makalalar
08.11.2023, 12:28
320
0
Paýtagtymyzyň kämil binagärlik nusgasy

Aşgabat şäheriniň çäklerinde möhüm düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilişi, paýtagtymyzda toplumlaýyn durmuş-ykdysady özgertmeleriň amala aşyrylyşy bilen baglanyşykly meseleler hormatly Prezidentimiziň üns merkezinde durýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täzeçil ýörelgeleri ugur edinýän başlangyçlary netijesinde, paýtagtymyz sazlaşykly ösüş ýoluna düşdi hem-de öz çägini yzygiderli giňeldýär. Berkarar Diýarymyzda adam we onuň abadançylygy, bagtyýar durmuşy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Şeýle hem, ak mermerli Aşgabat dünýäniň iň owadan we ýaşamak üçin has amatly şertleri özünde jemleýän şäherleriniň hatarynda öz ornuny pugtalandyryp, sebitara we halkara hyzmatdaşlygyň ykrar edilen merkezine öwrüldi. Her ýylda paýtagtymyzda täze özboluşly binalary we desgalary özünde jemleýän ajaýyp binagärlik toplumlary peýda bolýar. Olar ýurdumyzyň täze taryhy eýýamynyň okgunly ösüşini has aýdyňlygy bilen görkezýär. Binalaryň gurluşygy ýokary depginde, iň döwrebap gurluşyk serişdelerini ulanmak arkaly bu ulgamdaky iň täze gazanylanlaryň esasynda alnyp barylýar. Ýokary hilli gurluşyk gurnama işleriniň netijesinde kemala getirilýän belent binalar, köpugurly şertler mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşyna, paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň abadan geljegine gönükdirilendir. Berkarar Watanymyzyň paýtagty ähli babatda nusgalykdyr. Birnäçe täsin desgalarymyzyň Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda orun alandygy aýratyn bellenmäge mynasypdyr.

Goý, ýurdumyzy beýik ösüşler bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, tutýan tutumly işleri elmydama rowaç bolsun!

Sapar Myradow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1659
0