Makalalar

Makalalar
Makalalar
21.10.2023, 13:44
363
0
Ýürekleri ganatlandyran sözler

Gahryman Arkadagymyz Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çuň manyly çykyşynda bagtyýar zamanamyzyň deslapky taryhy şertlerini, geçilen ýoluň menzillerini ylmy taýdan çuňňur esaslandyryp beýan etdi, ýurduň batly ösüşiniň geljekki ugurlaryny kesgitledi. Milli Liderimiziň belläp geçişi ýaly, biziň beýik ýeňişlerimiziň we üstünliklerimiziň, döwletimiziň barha artýan halkara abraýynyň esasynda Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygy durýar. Garaşsyzlyk bize döretmäge kuwwat, gurmaga güýç, parahatçylygy we dostlugy pugtalandyrmaga egsilmez ylham berýär. Biz ata-babalarymyzyň wesýetlerine wepaly, olara eýerip hem ösüşiň milli nusgasyny saýlap aldyk. Biziň daýanjymyz — milletiň bitewüligi, parahatçylyk söýüjilik däpleri. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan hakyky halk häkimiýeti berkarar edilen döwletdir. Bu baradaky pikir Gahryman Arkadagymyzyň çykyşynda buýsanç bilen beýan edildi: «Biziň ösüş nusgamyz — häzirki ählumumylaşma döwründe ýüze çykýan soraglary çözmegiň netijeli ýoludyr. Milli agzybirligimiz, kanunyň hökmürowanlygy, häkimiýet edaralarynyň we durmuş ulgamynyň netijeli bolmagy, jemgyýetçilik pikiriniň ileri tutulmagy biziň saýlap alan ýolumyzyň kesgitleýji aýratynlygydyr».

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň çykyşynda döwlet Garaşsyzlygy we halkyň abadançylygy baradaky taglymatyň düýp mazmuny öz beýanyny tapdy. Ol mazmun binýatlaýyn garaýyşlaryň birnäçesine daýanýar: birinjiden, halkyň we häkimiýetiň mizemez bitewüligi — bu biziň ähli işlerimizde hereketlendiriji güýç. Ýurdumyzyň Esasy Kanunyna laýyklykda, halk döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk çeşmesidir. Türkmenistanyň halky öz häkimiýetini gös-göni ýa-da wekilçilikli edaralaryň üsti bilen amala aşyrýar.

Mekan Annageldiýew

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2284
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1656
0