Watan kuwwaty

Watan kuwwaty
Makalalar
18.12.2022, 20:30
568
0
Watan kuwwaty

Biziň mahriban Watanymyz, Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyz özüniň ýerasty we ýerüsti baýlyklary bilen dünýä meşhurlygyny saklap gelýär. Ýurdumyz nebitiň we gazyň ägirt uly gorlaryna eýedir. Ýurdumyzyň ýangyç energetika toplumy milli ykdysadyýetimiziň binýadydyr diýsegem ýalňyş bolmaz. Şonuň üçinem bu pudagy özgertmekde, ösdürmek babatynda gysga wagtyň içinde asyrlara bararabar işler amala aşyryldy.

Bu pudak boýunça gazanýan üstünliklerimiz milli ykdysadyýetimizi maliýe babatynda berkitmekde uly möçberde maýa goýumlaryny durmuşa geçirmäge şertler döretmekde innowasiýalara we kämil tehnologiýalara esaslanýan we ýokary hilli önümleri öndürýän kärhanalary gurmakda, bazar gatnaşyklarynyň ösýän şertlerinde ilatyň durmuştaýdan goraglylygyny üpjün etmekde giň mümkinçilikler döredýär.

Ýurdumyzyň ilatynyň durmuş ýaşaýyş derejesiniň günsaýyn gowulaşmagy Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň netijesidir. Halkymyz asuda hem abadan durmuşa eýe bolup, obadyr şäherlerimiz günsaýyn gözelleşip,ata Watanymyzyň at-abraýy arşa galýar.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instutynyn mugallymy Kerim Ataýew
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1659
0