Arçman şypahanasynda goşmaça täze, 400 orunlyk bejeriş merkeziniň binalar toplumyny gurlar

Arçman şypahanasynda goşmaça täze, 400 orunlyk bejeriş merkeziniň binalar toplumyny gurlar
Makalalar
07.11.2023, 14:28
203
0
Arçman» şypahanasynda goşmaça täze, 400 orunlyk bejeriş merkeziniň binalar toplumyny gurlar

Hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň çäklerinde bar bolan mineral suwlaryň, şypahana bejerişiniň dürli ugurlaryny ylmy esasda öwrenip, olaryň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak boýunça giň gerimli işleri amala aşyrýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky «Arçman» şypahanasynda goşmaça täze, 400 orunlyk bejeriş merkeziniň binalar toplumyny gurmak, şeýle-de bu ýerde bar bolan binalaryň durkuny täzelemek baradaky Karara gol çekmegi bolsa, bu ugurda durmuşa geçirýän işleriniň barha rowaçlyklara eýe bolýandygyny görkezdi.

Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyz Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 2-nji sentýabrynda «Arçman» şypahanasyna baranda dynç alýanlar we saglygyny dikeldýänler bilen duşuşyp, ol ýerde täze bejeriş binasyny gurmagyň, ozalky binalaryň durkuny täzelemegiň göz öňünde tutulýandygyny aýdypdy. Köp ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyna ýolbaşçylyk eden alym Arkadagymyz halkymyzyň saglygy baradaky aladany hiç wagt ünsden düşürmeýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gol çeken bu taryhy Karary peder ýolunyň, asylly ýörelgeleriň mynasyp dowam etdirilýändiginiň ýene-de bir aýdyň subutnamasy boldy.

Jana melhem suwy, dag eteginiň arassa howasy, daş-töweregini gurşap alan pürli, saýaly baglar, al-elwan açylyp oturan güller «Arçman» şypahanasynda dynç alýanlara aýratyn lezzet berýär. Ol ýerdäki Saglyk ýoluny geçmegiň özi hem ruhubelentlik döredýär. Halkymyzy baky bagta ýetiren mukaddes Garaşsyzlygymyz «Arçman» şypahanasynyň taryhyna hem altyn sahypalary ýazdy. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen bu şypahananyň durky bütinleý täzelenip, häzirki zamanyň iň kämil enjamlary ornaşdyrylan 420 orunlyk döwrebap bina guruldy. Ýedi kilometr uzaklykdan agyz suwy çekildi. Daş-töwereginde giň gerimli abadanlaşdyrylyş işleri geçirildi.

Yhlas Döwranow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2284
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1656
0