Gözelligiň şäheri

Gözelligiň şäheri
Makalalar
11.11.2023, 14:51
243
0
Gözelligiň şäheri

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda hemmetaraplaýyn ösüşlere beslenýän ata Watanymyzyň ak mermerli paýtagty bu gün halkara derejeli ylmy maslahatlaryň, ykdysady we döredijilik forumlarynyň geçirilýän ýerine öwrüldi. Munuň özi Aşgabadyň dünýäniň öňdebaryjy şäherleriniň hataryndaky ornunyň barha pugtalanýandygynyň, halkara abraýynyň belende galýandygynyň aýdyň görkezijisidir.

Geçen sanlyja ýyllaryň içinde asyrlara barabar ösüş ýoluny geçen ýurdumyzyň ýeten belent sepgitleri baş şäherimiziň kämil keşbinde özboluşly şöhlelenýär. Bina edilýän desgalaryň her biriniň gurluşygynda, ilkinji nobatda, halkymyzyň abadan ýaşaýşyny üpjün etmekden ugur alynýar. Saglygy goraýyş, bilim beriş, sport we dynç alyş ýaly ençeme medeni, jemgyýetçilik binalary Aşgabat şäheriniň gözel keşbinde ajaýyp sazlaşygy emele getirýär. Paýtagtymyzda binalaryň gurluşyklary bilen bir hatarda, olaryň ýanaşyk ýerlerini, giň şaýollaryny, köçelerini döwrebap abadanlaşdyrmak we arassaçylyk işlerine hem uly üns berilýär.

Berkarar Watanymyzda her bir şanly sene, baýramçylyk goşa-goşadan gelýär. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, Aşgabatda hem täze medeni-durmuş maksatly binalar, ýaşaýyş jaýlary yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýär. Ata Watanymyzda bitirilýän beýik işleriň ählisi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzy abadan, bolelin durmuşda ýaşatmak ugrundaky taýsyz tagallalarynyň ajaýyp netijeleridir. Paýtagtymyzda biri-birinden kaşaň köşklere, gözel binalara syn edeniňde, olarda ýaşajak, zähmet çekjek we ylym-bilim aljak ýaşlaryň bagtyýarlygyna buýsanjyň artýar. Arkadag şäherinde gurlan binalar we ýaşlaryň dürli ugurlar boýunça bilim almaklary üçin döredilen mümkinçilikler olaryň işine ussat, kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerine, giň dünýägaraýyşly şahsyýetler bolmagyna şert döredýär. Bularyň ählisi, mähriban halkymyzy buýsandyrýar, öndürijilikli zähmet çekmäge ruhlandyrýar.

Ezizmyrat Durdyýew

Türkmenistanyñ Telekommunikasiýalar we informatika institutynyñ Maglumat tehnologiýalary we programmirleme fakultetiniñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2284
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1656
0