Ylymy osus yolunda

Makalalar
Ylym ösüş ýolunda
Ylym ulgamyny ösdürmekde biziň ýurdumyzda alnyp barylýan işler öwgä mynasypdyr. Bu ulgamyň işini talabalaýyk alyp barmak üçin, hukuk kanunlarynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi bu ugra döwlet tarapyndan aýratyn ähmiýet berilýändigini subut edýär. Eýýäm biziň ýurdumyzda bu ugurdan kän işler bitirildi. Munuň özi bolsa biziň ýurdumyzda bu ugurdan aälnyp barylýan işleriň dünýä jemgyýetçiligi üçin nusgalyk derejededigini subut edýär.
Munuň şeýledigini takyklamak üçin,ylym ulgamyndaky işleriň guramaçylyk hukuk esaslaryny düzgünleşdirýän kanunlary sanap geçmek, olaryň halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgelerine laýyk gelýändigini aýtmagam ýeterlik. Ol kanunlar: “Ylym-tehnologiýa parklary hakynda”, “Innowasiýa işi hakynda”, “Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda”, “Ylmy edaralar hakynda”, “Ylmy işgäriň hukuk ýagdaýy hakynda”, “Ylmy itelluktual eýeçilik hakynda” atly Türkmenistanyň kanunlarydyr. Bu kanunlar kämilleşdirilmek bilen ylmy-tehniki öszşlere ýardam edýär we bu ugurdan jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instutynyn talyby Mekan Serdarow
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+EnterКомментарии (0)
In Kop Seredilen

Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...

Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...