Zenan sarpasy

Zenan sarpasy
Makalalar
27.02.2024, 15:44
197
0
27.02.2024ý.

Zenan sarpasy

 Ýurdumyzda özgertmeleri amala aşyrmakda zenanlarymyzyň bitirýän uly hyzmatlaryna aýratyn sarpa goýulýar. Her ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň «Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň aýal-gyzlaryna pul sowgatlaryny bermek hakynda» Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, döwlet Baştutanymyzyň gol çekýän Buýrugyna laýyklykda, ýurdumyzyň aýal-gyzlaryna pul sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurylýar. Şa serpaýy ähli türkmenistanly zenanlaryň baýramçylyk ruhubelentligini has-da artdyrýar. Ine, ýakynda hem Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu barada degişli resminama gol çekip, göwnümizi galkyndyrdy.

Öňde bir dananyň «Bagt näme?» diýen sowala: «Bagt — bu gadyryň bilinmegi» diýip beren jogaby bilen ylalaşmazlyk mümkin däl. Çünki biz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, gadyryň bilinýän, eden işiňe mynasyp baha berilýän döwürde ýaşaýarys. Şeýle gadyrlanyp ýaşamak ýaşaýşa höwesiňi artdyryp, göwnüňi galkyndyrýar.

Ýurdumyzda ähli raýatlara asuda asmanyň astynda parahat ýaşamak, zähmet çekmek üçin ähli mümkinçilikler döredilen. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda we halkara hukuk namalarynda ykrar edilen kadalara laýyklykda, gender deňligi esasynda zenanlaryň durmuşyň dürli pudaklarynda deň derejeli zähmet çekmegi jemgyýetde zenan mertebesini, ornuny berkitmek babatda edilýän aladalaryň güwäsidir. Munuň özi türkmen gelin-gyzlaryna döwrebap ýaşamak, işlemek üçin giň mümkinçilikleriň döredilmegidir.

Muhammet Seýidow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2285
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1656
0