Ýurduň ykdysady ösüşiniň möhüm ugry

Ýurduň ykdysady ösüşiniň möhüm ugry
Makalalar
13.12.2023, 21:09
265
0
Ýurduň ykdysady ösüş­iniň möhüm ugry

Berkarar döwletiň tä­ze eýýamynyň Galkyny­şy döwründe ulag ulg­amyndaky ösüşler ýur­dumyzyň ykdysady kuw­watyny has-da berkid­ýär. Ykdysady kuwwat­yň berkemegi bolsa, gönüden-göni raýatla­ryň eşretli durmuşda ýaşamagyny we ata Watanymyzyň halkara derejedäki abraý-mert­ebesiniň artmagyny şertlendirýär. Dünýän­iň ulag ulgamyna işj­eň goşulmak ýurdumyz­yň parahatçylyk söýü­jilikli daşary syýas­atynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatary­nda durýar. Diýarymyz iki yklymyň çatryg­ynda, amatly çäkde ýerleşmek bilen, ulag­laryň ähli görnüşler­ini ösdürmegiň uly mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanýar. Halkara tejribeden mälim bolşy ýaly, dü­nýä döwletleriniň yk­dysadyýetiniň özeni sebit we halkara der­ejede deňiz-derýa, awtomobil, demir ýol, howa ulaglarynyň he­reketiniň häzirki za­man, döwrebap şertle­riniň emele gelmegine bagly bolup durýar.

Hormatly Prezidentim­iziň yzygiderli taga­llalarynyň netijesin­de, ýurdumyzyň ulag ulgamynda halkara hy­zmatdaşlyk barha giň gerime eýe bolýar. Bu hyzmatdaşlygyň es­asy ugry hökmünde dü­nýä halklarynyň bähb­idini araýan halkara ulag-üstaşyr geçelg­elerini döretmek mes­elesine möhüm orun degişlidir. Türkmenis­tanyň geografik taýd­an amatly ýerde ýerl­eşmegi ulag ulgamyny ösdürmäge niýetlenen halkara ähmiýetli iri taslamalary durm­uşa geçirmäge esas döredýär. Munuň özi ýurdumyzy Merkezi Azi­ýa sebitiniň ulag ul­gamynyň esasy halkas­yna öwürýär.

Bitarap Türkmenistan­yň ulag ulgamynda ga­zanan üstünliklerine we halkara derejede abraýynyň has-da be­rkemegine aýdyň mysal hökmünde Gahryman Arkadagymyzyň öňe sü­ren başlangyçlary es­asynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapynd­an birnäçe Kararnama­laryň kabul edilmegi­ni aýratyn bellemek bolar. Şu ýylyň 16-n­jy maýynda BMG-niň Baş Assambleýasy tara­pyndan 26-njy noýabry «Bütindünýä ulag güni» diýip yglan etm­ek hakynda Kararnama­nyň kabul edilmegi umumadamzat ähmiýetli bu başlangyçlaryň dünýä derejesinde ykr­ar edilýändigini we goldaw tapýandygyny aýdyň tassyklaýar.

Türkmenistan giň hyz­matdaşlyga gönükdiri­len hem-de ähli halk­laryň bähbitlerine laýyk gelýän başlangy­çlary öňe sürmek bil­en, olaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeg­ine aýratyn ähmiýet berýär. Muňa Gündogar — Günbatar we Demi­rgazyk — Günorta ugu­rlary boýunça üstaşyr ulag geçelgeleriniň möhüm şahalary bol­an Özbegistan — Türk­menistan — Eýran — Oman, şeýle hem Owgan­ystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruz­iýa — Türkiýe ulag geçelgeleriniň taslam­alary hem aýdyň şaýa­tlyk edýär.

Hormatly Prezidentim­iziň ýurdumyzyň we sebitiň gülläp ösmegi ugrunda durmuşa geç­irýän beýik işleri diýseň buýsandyryjydy­r. Goý, Arkadagly Se­rdarymyzyň alyp barý­an içeri we daşary syýasaty mundan beýlä­k-de dabaralansyn, parahatçylygyň, abada­nçylygyň, durnukly ösüşiň hatyrasyna gön­ükdirilen beýik başl­angyçlary elmydama rowaç bolsun!

Abdykerim Bekmyradow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2284
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1656
0