Ýurduň kuwwaty

Ýurduň kuwwaty
Makalalar
13.01.2024, 15:52
176
0
13.01.2024ý.

Ýurduň kuwwaty

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan häzirki wagtda dünýäniň örän çalt depginlerde ösýän döwletleriniň hataryndaky ornuny has-da pugtalandyrýar. Milli ykdysadyýetde, ruhy-jemgyýetçilik durmuşynda, ylymda-bilimde ýetilen belent sepgitler, gazanylan üstünlikler ýurdumyzyň beýik ösüşlerini şertlendirýär.

Berkarar Diýarymyz Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny ýurduň we halkyň durmuşynda asyrlara barabar bitirilen beýik işler bilen jemledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň golaýda, şanly ýyllarymyzyň sepgidinde çapdan çykan «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyny mähriban halkymyz, aýratyn-da, ýaşlar uly ruhubelentlik bilen kabul etdiler. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz kitabynda: «Ynsanyň abraý-mertebesi, gadyr-gymmaty zähmeti bilen kesgitlenýär. Beýik maksatlara ýetmek üçin her bir ýaş ynsan zähmeti baýdak edinmelidir. Çünki adamzat jemgyýetiniň ösüşi hem-de özgerişi ýaşlar bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ýaşlaryň başarnygyny, kuwwatyny milletiň, adamzadyň bähbidi, dünýäniň parahatçylygy üçin ulanmak esasy wezipeleriň biridir. Ýaşlaryň ukypdyr zehininiň bütin adamzadyň abadançylygyna gönükdirilmegi bolsa durnukly ykdysady ösüşi gazanmakda möhüm ähmiýete eýedir» diýmek bilen, ýaşlaryň zähmetine, başarnygyna, ylmyna-bilimine aýratyn ähmiýet berýär.

Türkmenistanly ýaşlar häzirki wagtda okuwda, zähmetde gazanýan üstünlikleri bilen eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de okgunly ösmegine hem-de rowaçlanmagyna, parahatçylygyň, döredijiligiň, ösüşiň ýoly bilen täze sepgitlere tarap ynamly öňe gitmegine uly goşant goşýarlar. Berkarar Diýarymyzda ýaşlaryň eşretli, bagtyýar durmuşda ýaşamagy, döwrebap bilim almagy, ylymda-bilimde uly üstünlikleri gazanmagy üçin döredilýän köpugurly mümkinçilikler özüniň oňyn netijelerini berýär. 2022-nji ýylda ýaşlaryň durmuş-ykdysady we syýasy hukuklaryny kepillendirýän «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi kabul edildi. Bu bolsa bu ugurdaky işleriň has-da öňe ilerlemegine uly ýardam etdi.

Hezret Galandarow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0