Ylym ösüşleriň binýa­dy

Ylym ösüşleriň binýa­dy
Makalalar
04.10.2023, 15:40
216
0
Ylym ösüşleriň binýady

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ylym-bilim ulgamy uly ösüşlere eýe bolýar. «Biziň beýik geljegimiz ýaşlaryň bagtyýarlygy, kadaly ösüşi bilen berk baglydyr. Ýaşlar Watanymyzyň güýç-kuwwaty we abraý-mertebesidir» diýip belleýän Milli Liderimiziň ýaşlar hakdaky aladalary ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ösüşinde öz mynasyp beýanyny tapýar.

Ýurdumyzda bilim ulgamyny dünýä ülňülerine laýyk ösdürmek bilen baglylykda, giň gözýetimli, döwrüň ösen tehnologiýalaryndan kämil baş çykarýan zehinli ýaşlary kemala getirmekde giň mümkinçilikler döredilýär. Häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän ylmy-tehnologik enjamlary we okuw-tehniki serişdeleri bilen üpjün edilen mekdebe çenli çagalar edaralarynyň, bilim ojaklarynyň, çagalar we ýaşlar üçin sport meýdançalarynyň gurlup ulanmaga berilmegi ýurdumyzda ýaş nesiller barada edilýän aladalardan nyşandyr. Bu ugurda durmuşa ornaşdyrylýan özgertmeleriň çäginde bilim bermegiň döwlet ülňüleri kämilleşýär, okatmakda dünýäniň ösen döwletleriniň usullaryndan peýdalanmak, bilimiň ýokary hil derejesini gazanmak ugrunda degişli tagallalar edilýär.​ Ýurdumyzyň bilim ojaklarynda — umumy bilim berýän mekdeplerde, orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde dünýä maglumat torundan işjeň peýdalanylýar.

Aýnur Goçakowa

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ uly mugallymy
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2284
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1655
0