Guwandyryjy wakalar

Guwandyryjy wakalar
Makalalar
04.10.2023, 15:44
183
0
Guwandyryjy wakalar

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda berkarar Diýarymyzda mähriban halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk toýuny uludan toýlady. Golaýda Bilimler we talyp ýaşlar gününde paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda birbada ýokary okuw mekdepleriniň üçüsiniň — Aşgabatda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň, Mary şäherinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň çäginde goşmaça okuw binasynyň hem-de beýleki desgalaryň düýbüni tutmak dabaralarynyň geçirilmegi mähriban halkymyzyň, aýratyn-da, bilim işgärleriniň guwanjyny goşalandyrdy. Şol gün gözel paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň binalar toplumy ulanmaga berildi. Arkadag şäherinde täze döredilen Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Berdimuhamet Annaýew adyndaky mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň, Saçly Dursunowa adyndaky lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň we beýleki sungat mekdepleriň işe başlamagy täze taryhymyzyň şan-şöhratyny belende galdyrdy. Şol gün türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag şäherindäki Ruhyýet köşgünde geçiren umumy sapagy ähli bilim işgärleri üçin aýratyn şanly waka öwrüldi.

Milli bilim ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi hem-de onuň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegi, bu ulgamyň hil taýdan täze derejä çykarylmagy babatda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň amala aşyrýan beýik işleri bu gün özüniň oňyn netijelerini berýär.

Maksat Allakow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2285
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1656
0