Ylym-bilim ulgamy — ösüşleriň binýady

Ylym-bilim ulgamy — ösüşleriň binýady
Makalalar
16.02.2024, 18:50
87
0
Ylym-bilim ulgamy — ösüşleriň binýady

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ylym-bilime, ýaşlaryň hünärlerine aýratyn üns berilýär. Esasan hem ýaşlaryň öz saýlap alan hünärlerine oňat düşünýän, ylymly, bilimli bolup ýetişmekleri möhüm ugurlaryň biri bolup durýar. Şonuň üçin hem ýurdumyzyň ähli okuw mekdeplerinde bu ugurdan möhüm işler alnyp barylýar, ýaşlar hünäre ugrukdyrylýar we olaryň ylymly bolmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda gazanylýan üstünliklere, eýelenýän belent sepgitlere tüýs ýürekden buýsanýarys. Ylym-bilim ulgamynda milli özgertmelerimiz üstünlikli alnyp barylýar we maksatnamalarymyz durmuşa geçirilýär.

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň eşretli günlerinde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar we geljekki uly ösüşleriň binýady tutulýar. Ýurdumyzda ähli pudaklar üçin giň dünýägaraýyşly, çuňňur pikirlenip bilýän, kämil hünärmenleri taýýarlamak giň gerimde dowam edýär. Ylym-bilim ulgamynda özgertmeleriň maksada laýyk durmuşa geçirilmegi bu ulgamy yzygiderli kämilleşdirip, ony hil taýdan täze derejä çykarýar.

Häzirki wagtda ylmyň we tehnologiýanyň ösmegi bilen, innowasion enjamlar gündelik durmuşymyzda wajyp oruna eýe boldy. Şeýle innowasion tehnologiýalary öwrenmek we olardan doly baş alyp çykmak üçin köp okamaly, şeýle-de dünýäniň dürli dillerini düýpli öwrenmeli. Adamzadyň ýaşaýyş-durmuşyny ylym-bilimsiz göz öňine getirmek asla mümkin däl. Ylym-bilim adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Ýurdumyzyň geljegini, geçmişini, kuwwatyny, ykdysady ösüşini kesgitleýän esasy görkezijileriň biri ylym-bilim pudagy bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz ýurdymyzda ylym-bilimi ösdürmek bilen bir hatarda dünýä dillerini öwrenmäge-de uly mümkinçilikler döredýär. Ösen dilleri bilmek, dünýä ylmyny öwrenmäge giň ýol açýar, dünýägaraýşymyzy has giňeldýär. Çünki, tehnikanyň, tehnologiýalaryň, dürli tilsimatlaryň ösen eýýamynda dünýäni açmak, ony özleşdirmek ilkinji nobatda, dile, onda-da çeper, kämil dile degişlidir. Galyberse-de, ata-babalarymyz dil öwrenmekligi, dil bilmekligi döwletlilikden, agzybirlikden, hem dostlukdan nyşan hasaplapdyrlar. “Ylymly il ozar” diýen paýhasa uýýan halkymyzyň geljegi bolan ýaşlaryň bu gün öz höwes edýän hünäriniň ussady bolmaklary üçin ýurdumyzda ähli mümkinçilikler döredilendir.

Şadurdy Şöhratjanow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0