Doganlyk - dostluk yollary

Doganlyk - dostluk yollary
Makalalar
22.03.2023, 18:34
375
0
Doganlyk - dostluk ýollary

Golaýda Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhammedow. Katar döwletine saparda boldy. Saparyň dowamynda iki ýurduň bähbitlerini göz öňünde tutýan birnäçe ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi. Munuň özi Hormatly Prezidentimiziň dünýä ýüzünde doganlyk-dostluk ýollaryny uzaldýan syýasatynyň netijesidir. Saparyň dowamynda Hormatly Prezidentimiz Kataryň Doha şäherinde ýerleşýän milli muzeýine baryp gördi. Arkadagly Serdarymyz bu ýerde milletiň milli däp dessurlaryny hem taryhyny açyp görkezýän milli gymmatlyklary bilen tanyşdy.

2022-nji ýylda Katarda geçirilen futbol boýunça dünýä çempionatyna bagyşlanan bu muzeý özüniň binasynyň owadanlygy hem taryhy ýadygärlikleriň, milli gymmatlyklaryň köplügi we saklanyş aýratynlygy bilen tapawutlanyp, bütin dünýäde meşhurlyk gazanmagy başardy. Bir wagtyň özünde dört ýüz elli müň adamy kabul etmäge mümkinçiligi bolan muzeýiň, gelim gidiminiň yzy egsilmeýär.

Hormatly Prezidentimiziň bu ýere baryp görmegi, muzeýiň ýazgylar kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrmagy, eýsem, ütrkmen döwletiniň Baştutanynyň alyp barýan syýasatynyň ynsanperwerdigini aýan edýär. Şol bir wagtyň özünde hem döwlet ýolbaşçysy tarapyndan özge halklaryň hem milli gymmatlyklaryna sarpa goýulýandygyny aňladýar.

Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dunya dilleri institutynyñ talyby Gurbangül Atajykowa
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0