Sport

Sport
Makalalar
11.04.2023, 16:04
509
0
Türkmen sporty

Türkmenistan sporty ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Öňde goýlan wezipeleri amala aşyrmak maksady bilen, ýurtda bu ugurdaky hereketleriň täze usullary kemala getirilýär, ussat türgenleri taýýarlamak ugrunda toplumlaýyn özgertmeler amala aşyrylýar, Olimpiýa hereketiniň ösdürilmegine uly goşant goşulýar. Ýurdumyzda bedenterbiýäniň we sportuň kämilleşmegi, adamyň kuwwatynyň maddy we ruhy taýdan sazlaşykly utgaşmagy netijesinde sagdyn durmuş ýörelgelerine eýe bolmagy, şeýle-de sport boýunça halkara hyzmatdaşlygyň has-da giňelmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri boldy.

Ýurduň ähli welaýatlarynda köpugurly stadionlar, bedenterbiýe we sagaldyş toplumlary, aýlawlar, sport mekdepleri we beýleki desgalar bina edildi we ulanmaga berildi. Türgenlerdir hünärmenleri, tälimçileri taýýarlamagyň täze usullary we sport oýunlaryny geçirmegiň tejribesi kämilleşdirildi. Türkmen sport ussatlary daşary ýurtlarda geçirilýän ýaryşlara işjeň gatnaşýarlar. Halkara ýaryşlara işjeň gatnaşýan türkmen türgenleriniň gazanýan üstünlikleri we ýeňişleri bu ulgamda durmuşa geçirilýän strategiýanyň netijeliliginiň aýdyň subutnamasydyr. Bularyň ählisi Türkmenistanyň dünýä derejesinde sport döwleti hökmünde abraýynyň has-da ýokarlanmagyna ýardam edýär.

Internet habarlary esasynda taýýarlanan

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instutynyñ uly mugallymy Rejepmuhammet Nurmuhammedow
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0