Uzak ýaşly agaçlar

Makalalar
Uzak ýaşly agaçlar
Dünýäde uzak ýaşamak boýunça agaçlar öňdeligi eýeleýärler. Olar uzynlygy boýunça hem dürli görnüşlerdedir. Çili ýurdundaky tokaýlaryň birinde gabat gelnen bir agajyň ýaşyny kesgitlände alymlaryň özi hem haýran galdylar. Olar dürli barlaglardan soňra bu agajyň ýaşynyň 5 müň ýyla barabardygy baradaky çaklamany öňe sürdüler.
Häzirki wagtda dünýäniň iň uzak ýaşan agajy Amerikada diýlip hasap edilýärdi. Onuň ýaşyny 4 müň 850 ýyl diýip kesgitlediler. Emma bu agajyň nirede ösüp oturandygy gizlin saklanýardy.
Çilidäki uzak ýaşly agajy islän adam ýerinde baryp görüp bilýär. Munuň üçin giň mümkinçilik döredilipdir. Ýöne agajy görmek üçin tokaýyň içi bilen bnir sagat dowamynda ýöremeli bolýar. agajyň uzynlygy hem 28 metre barabardyr.
Metbugat we internet materiallary esasynda taýýarlan:
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby Serdar Miriýew
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+EnterКомментарии (0)
In Kop Seredilen

Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...

Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...