Ykdysadyýetde ýokary ösüş depgini saklanýar

Ykdysadyýetde ýokary ösüş depgini saklanýar
Makalalar
14.02.2024, 20:28
142
0
Ykdysadyýetde ýokary ösüş depgini saklanýar

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda 9-njy fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi döwletimiziň ösüşleriň täze bir tapgyryna ýola düşendigi baradaky hakykaty diňe bir ýurdumyza däl, dünýä äşgär etdi. Gahryman Arkadagymyzyň döwletli ýörelgelerini üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzy dolandyryşynda ata-babalarymyzyň «Döwlet güzer etse, tapar ýoluny» diýip aýdan parasatly sözleri öz beýanyny tapýar. Ösüşleriň belent derejelerine ýetmek hormatly Prezidentimiziň ykdysady özgertmeleriniň esasy maksady bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda 9-njy fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, ýurdumyzy 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň taslamasynyň işlenilip taýýarlanylandygyny habar berdi. Bu resminama laýyklykda şu ýylda jemi içerki önümiň ösüş depginini 6,3 göterimde saklamak, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny, şeýle hem ýurdumyzyň sebitlerini durnukly ösdürmek, önümçilik kärhanalarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmak, täze kärhanalary gurmagyň hasabyna 3 müňe golaý täze iş orunlaryny döretmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen bir hatarda daşary söwda dolanyşygynyň möçberini 20,7 milliard amerikan dollaryna ýetirmek, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, jemi içerki önümiň düzüminde hususy pudagyň paýyny 71,4 göterime ýetirmek, zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp haklarynyň möçberini 10 göterim ýokarlandyrmak arkaly ilatyň girdejilerini artdyrmak, ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, 2024-nji ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýetine maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna jemi 38,5 milliard manat möçberinde maýa goýumlary gönükdirmek meýilleşdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda welaýatlar boýunça 2024-nji ýylda oba hojalyk ekinlerini ýerleşdirmegiň meýilnamasy hem tassyklanyldy. Öňde goýlan maksatlara tarap ynamly öňe gidilmegi ýurdumyzy ösüşleriň täze bir belentligine çykarýar.

Nazar Agamyradow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0