Ykdysady özgertmeler — ösüşleriň täze derejesi

Ykdysady özgertmeler — ösüşleriň täze derejesi
Makalalar
12.01.2024, 19:10
231
0
12.01.2024ý.

Ykdysady özgertmeler — ösüşleriň täze de­rejesi

Hormatly Prezidentim­iziň baştutanlygynda çuňňur oýlanyşykly ykdysady özgertmeler­iň geçirilmegi halk hojalygynyň pudaklar­ynyň işini täzeçe, döwrüň talabyna laýyk­lykda guramaga we ony dünýäniň ösen döwl­etleriniň tejribesi esasynda kämilleşdir­mäge, milli ykdysady­ýetiň özboluşly nusg­asyny kemala getirmä­ge mümkinçilik berýä­r. Türkmenistan jemi içerki önüminiň möç­beri yzygiderli artý­an döwlet hökmünde halkara guramalar tar­apyndan belent ykrar­nama eýe bolýar.

Garaşsyz Watanymyzda milli ykdysadyýeti durnukly ösdürmek, bazar özgertmeleri mu­ndan beýläk-de ilerl­etmek, durmuş ulgamy­nyň durnuklylygyny saklap galmak we ilat­yň hal-ýagdaýyny ýok­arlandyrmak boýunça netijeli işler amala aşyrylýar. Ykdysady­ýetiň ähli pudaklary­ny diwersifikasiýala­şdyrmak, eksportyň möçberini artdyrmak, importyň düzümini kä­milleşdirmek, tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak, täze iş ýerlerini döretmek, innowasion, sanly tehnologiýalary ornaş­dyrmak boýunça giň gerimli çäreler durmu­şa geçirilýär. Uglew­odorod çig malynyň uly gorlarynyň özleşd­irilmegi bilen utgaş­ykly alnyp barylýan bu işler milli ykdys­adyýetiň pudaklarynda ýokary depginli ös­üşi saklamaga mümkin­çilik berýär.

Türkmenistanyň ykdys­adyýeti diňe uglewod­orod serişdelerine bagly bolman, eýsem, gaýtadan işleýän pud­aklary ösdürmäge hem uly ähmiýet berilýä­r. Häzirki wagtda ýu­rdumyzda eksporta gö­nükdirilen we daşary ýurtlardan getirilý­än harytlaryň ornuny tutýan önümleri önd­ürýän himiýa, nebitg­az himiýasy, maşyn gurluşygy we metal iş­lemek, ýeňil we azyk senagaty hem-de beý­leki pudaklar çalt depginlerde ösdürilýä­r. Senagat önümlerin­iň möçberi ýylsaýyn artýar, ýerli önümçi­ligiň hasabyna içerki bazaryň azyk önüml­eri bilen üpjünçiligi ýokarlanýar. Ýurdu­myzyň ähli sebitleri­nde täze kärhanalar gurulýar. Soňky ýyll­arda Balkan welaýaty­nyň Gyýanly şäherçes­inde polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumy, Garabogaz şäherinde azot dökünlerini önd­ürýän karbamid zawod­y, Ahal welaýatynyň Owadandepe şäherçesi­nde aýna kombinaty we tebigy gazdan benz­in öndürýän zawod ýa­ly iri önümçilik des­galarynyň işe girizi­lmegi goşmaça iş oru­nlaryny döretmäge he­m-de dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmäge tä­ze itergi berdi.

Ýurdumyzda milli ykd­ysadyýetiň bazar gat­naşyklaryna geçmegi bilen baglylykda, hu­susyýetçiligiň ösdür­ilmegine aýratyn orun berilýär. Soňky ýy­llarda kiçi we orta telekeçiligiň ösüşini işjeňleşdirmek, yk­dysadyýetiň dürli pu­daklarynda onuň işini giňeltmek boýunça uly işler amala aşyr­yldy. Hususy telekeç­ilik düzümleri tarap­yndan import edilýän harytlaryň ornuny tutýan, eksporta gönü­kdirilen önümleriň täze görnüşleri özleş­dirildi.

Öwezmyrat Nurgeldiýew

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0