ÝAŞLARYŇ MYNASYP SERPAÝY

ÝAŞLARYŇ MYNASYP SERPAÝY
Makalalar
03.01.2024, 20:27
138
0
ÝAŞLARYŇ MYNASYP SERPAÝY

Ýaşlyk — ömrüň bahary. Ýaşlyk — ynsan ömründäki iň uly arzuwlaryň kalpda şineleýän, olara tarap aýgytly ädimleriň ädilýän döwri. Şonuň üçin-de, ýaşlyk ýyllaryny ajaýyp zamanada, berkarar döwletde ýaşaýan bu günki türkmen ýaşlaryny tüýs bagty getiren adamlar diýip uly ynam bilen aýdyp bileris. Çünki döwletimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän ýaşlar syýasatynyň netijesinde her bir ýaş türkmenistanly täze ylmy, döredijilik, zähmet we sport üstünliklerine ruhlanýar, olaryň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekleri üçin ähli zerur şertler döredilýär. Ýaşlar baradaky tagallalaryň gözbaşynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmaklary bolsa has-da buýsandyryjydyr. «Türkmenistan ýaş nesillere aýratyn üns berilýän ýurtdur. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ilatynyň esasy bölegi Garaşsyzlyk ýyllarynda kemala gelen ýaş nesillerdir» diýip, belleýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýaşlara Watanyň geljegini gurujylar hökmünde ýokary baha berýär.

Gadymy Gündogarda ýörgünli bolan: «Bir ýylyň aladasyny etseňiz, däne ekiň. On ýylyň aladasyny etseňiz, daragt ýetişdiriň. Ýüz ýylyň, müň ýylyň aladasyny etseňiz, nesil ýetişdiriň» diýen aýtgy bar. Çünki nesil — ömrüň dowamaty. Milletiň ýaş nesli bolsa onuň dowamatynyň dowam bolmagynyň esasy şertidir. Danalaryň dili bilen aýtsak: «Şu günki ýaş nesil ertiriň hamyrmaýasy, Watanyň geljeginiň eýesidir». Şu beýik hakykata örän çuňňur düşünýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ilkinji ýazan kitabynyň ýaşlara, olaryň bitirýän işlerine, nesil terbiýesine bagyşlanmagy hem ýöne ýere däldir. Türkmen ýaşlary üçin nusgalyk gollanma, belent sepgitlere ruhlandyryjy çelgä öwrüljek bu kitabyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» diýip atlandyrylmagy hem, ýurdumyzda, ilkinji nobatda, ýaşlar bardaky aladanyň ileri tutulýandygyny doly subut edýär.

Jeýhun Mämmetmyradow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0