Ýaşlar üçin nusgalyk gollanma

Ýaşlar üçin nusgalyk gollanma
Makalalar
09.01.2024, 12:05
336
0
Ýaşlar üçin nusgalyk gollanma ​

​ Ýakynda hormatly Pre­zidentimiziň ilkinji — «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kita­by halkymyza gowuşdy. Ýaşlaryň şu gününi­ň, beýik geljeginiň aýdyň beýany bolup öňe çykan bu kitap ýurdumyzyň ýaşlarynyň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyn­da ýeten sepgitlerin­iň, gazanan üstünlik­leriniň jemini jeml­eýän ajaýyp sowgat boldy.

Döwlet Baştutanymyzyň ilkinji kitabynyň baý many-mazmuny, watansöýüji, ylymly, bilimli ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdi­rmekdäki ähmiýeti, onda türkmen ýaşlary­nyň geçen 2023-nji ýylda dürli ugurlarda gazanan üstünlikle­ri, olar üçin döwlet tarapyndan döredilen döwrebap mümkinçil­ikler hakyndaky wak­alaryň beýan edilişi bilen kitabyň bezeg aýratynlyklarynyň sazlaşmagy eseriň äh­miýetini has-da artd­yrýar.

Bellenilişi ýaly, Ar­kadagly Gahryman Ser­darymyzyň ilkinji kitabynyň türkmen ýaş­larynyň ýaşaýyş-durm­uşyna, ähli ugurlarda gazanan üstünlikl­erine bagyşlanmagy hem-de onuň, ilki bil­en, Gahryman Arkadag­ymyza sowgat berilm­egi ähli türkmen hal­kymyzy, hususan-da, türkmen ýaşlaryny ör­än buýsandyrdy. Kit­abyň «Beýik işlere çakylyk», «Ýaşlar bil­im ulgamynda», «Nura­na geljegiň aladasy­nda», «Ýaşlar barada döwlet syýasatymyzyň esaslary», «Ýaşlar we Magtymguly adyn­daky Ýaşlar guramasy» atly bölümleriniň her birinde ýurdumyz­da ýaşlar syýasatyny amala aşyrmakda mö­hüm çäreler göz öňün­de tutulypdyr hem-de aýdyňlygy bilen çe­per beýan edilipdir.

Hormatly Prezidentim­iziň ýaşlar bilen ba­glanyşykly döwlet syýasatynyň ileri tut­ulýan ugurlaryny, bu babatda öňde durýan möhüm wezipeleri amala aşyrmakda masla­hatdyr pikirlerini, tejribelerini öz içi­ne alýan täze eseri ýurdumyzyň ylym, bi­lim, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň işini ösdürmekde, kämilleşd­irmekde, ýaşlary wa­tansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde gymm­atly gollanmadyr.

Türkmen döwlet neşir­ýat gullugy tarapynd­an döwrebap usulda neşir edilen kitabyň sahypalarynda bagty­ýar ýaşlarymyzyň dur­muşyndan bagtly pur­satlary açyp görkezý­än ýokary hilli foto­suratlaryň ýerleşdir­ilmegi onuň täsirli­ligini ýokarlandyrýar.

Döwlet Baştutanymyzyň bu kitaby nesillere nusgalyk terbiýe görkezýän, watansöýü­ji nesli kemala geti­rmekde her bir ojak üçin bahasyna ýetip bolmajak gollanmady­r. Türkmeniň kalbynd­a, durmuşynda mynasyp ýer aljak gymmatly eserdir.

​Öwläguly Sähedow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ mugallymy
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0