Ýaşlar üçin gymmatly gollanma

Ýaşlar üçin gymmatly gollanma
Makalalar
16.02.2024, 18:55
87
0
Ýaşlar üçin gymmatly gollanma

    Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan ýaşlar syýasaty ýaş türkmenistanlylaryň ukyp-başarnyklaryny, döredijilik kuwwatyny jemgyýetiň, döwletiň bähbitlerine ulanmaga mümkinçiliklerini giňeltmek üçin has oňaýly şertleri döretmäge gönükdirilendir. Ýaşlar baradaky şeýle üns-alada bagtyýar nesillerimizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ykdysadyýetde, syýasatda we medeni ulgamda alnyp barylýan döwletli tutumlara has-da işjeň çekmek ýaly asylly maksatlary özünde jemleýär.

Ýurdumyzyň geljegi ylym-bilimli, dünýä bilen aýakdaş gadam urýan giň dünýägaraýyşly ýaşlara bagly. Bu ugurda eziz Watanymyzda ähli mümkinçilikler bar hem-de ýaşlaryň dünýä derejesindäki ökde hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin halkara hyzmatdaşlygyna aýratyn ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda türkmen ýaşlarynyň müňlerçesi dünýäniň dürli künjeklerinde abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýarlar.

Döwlet Baştutanymyz tarapyndan türkmen ýaşlaryna sowgat edilen «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynda: «Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys. Belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys» diýlip biz — ýaşlara uly ynam bildirilýär. Kitapda ýaş nesliň wekilleriniň durmuşymyzda we jemgyýetimizde tutýan ornuna mynasyp baha berilmegi eseriň täsirliligini we ähmiýetini has-da ýokarlandyrýar.

Ajaýyp kitapda türkmenistanly ýaşlaryň yzygiderli aladadyr goldawyň netijesinde, ýurduň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynda öňdebaryjy orunlara ynamly çykýandygy anyk maglumatlar esasynda beýan edilýär. Ýaşlaryň geçen ýylda bilimde, ylymda, sportda, saglygy goraýyşda, halk hojalygy pudaklarynda we döwlet durmuşynyň beýleki ugurlarynda gazanan döwlet we halkara derejelerindäki üstünlikleri şol maglumatlaryň hatarynda orun alýar. Bagtyýar türkmen ýaşlary üçin ýol-ýörelge boljak, baý mazmunly bu kitaby okadygyňça, halkymyzyň kitaba bolan belent söýgi-sarpasynyň örän ýerliklidigine, kitap okamagyň ähli döwürlerde-de ruhy zerurlyk bolup durýandygyna hem-de ynsan üçin iň ajaýyp sowgadyň gowy kitaplardygyna bolan ynamyň has-da berkeýär.

Türkmen ýaşlaryna uly ynam bildirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, il-ýurt bähbitli beýik tutumlary rowaç bolsun!

Maýsa Nazarowa

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1659
0