«MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ DOGLAN GÜNÜNIŇ 300 ÝYLLYGY»

Makalalar
Gündogaryň görnükli şahyr-filosofy, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy 2024-nji ýylda belleniler. Häzirki wagtda ýurdumyzda bu ýubileýe taýýarlyk işleri eýýäm başlandy. Bu Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekillerinde-de ýaňlanýar.
2024-nji ýylda Türkmenistan beýik akyldar hem şahyr Magtymgulynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny giňden bellär. Uly göwrümli medeni çärelerden başga-da, Magtymguly Pyragynyň hormatyna Kopetdagyň eteginde gurlan ajaýyp ýadygärligiň dabaraly açylyşy bolar. Munuň özi, beýik türkmen şahyryň we akyldaryň baý döredijilik mirasyna häzirki nesilleriň çuňňur hormatynyň nyşany bolar.
Rejepmuhammet Gedemow
Türkmenistanyñ Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+EnterКомментарии (0)
In Kop Seredilen

Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...

Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...