Watan ýaşlara daýanýar

Watan ýaşlara daýanýar
Makalalar
21.03.2024, 12:27
332
0
21.03.2024ý.

Watan ýaşlara daýanýar

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adalatly, parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz durmuşyň ähli ugurlarynda – syýasy, ykdysady, ylym, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlarynda we halk hojalygynyň beýleki pudaklarynda beýik ösüşlere ýetýär hem-de täze sepgitlere tarap batly gadamlar bilen barýar. 

Bu gün Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşen türkmen ilimiz öz aýdyň ertirlerini, ýagty geljegini gurýar. Muny biz bagtyýar durmuşymyzyň döwrebap özgertmelerinde, alnyp barylýan beýik işlerde has aýdyň görýäris. Döwletli Diýarymyzda ýaşlaryň işleri barha ýokarlanýar. Bu günki gün ýaşlarymyz ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmäge, Watanymyzyň abraýyny Arşa galdyrmaga işjeň gatnaşýarlar. 

Gahryman Arkadagly Serdarymyzyň ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmegi netijesinde ata-babalarmyzdan miras galan däp-dessurlar esasynda mynasyp ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça  zerur bolan işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň “Ýaşlar-Watanyň daýanjy” atly kitabynyň çapdan çykmagy bolsa, onuň aýdyň subutnamasydyr. “Ýaşlar-Watanyň daýanjy” atly kitabynda ýurdumyzyň ýaşlarynyň häzirki döwürde ýeten sepgitleriniň, gazanan üstünlikleriniň waspy beýan edilýär. Bu kitap  baý many-mazmuna eýe bolmak bilen bezeg aýratynlyklary, watansöýüji, ylymly-bilimli ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekdäki ähmiýeti, onda türkmen ýaşlarynyň geçen 2023-nji ýylda, ýagny “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda dürli ugurlarda gazanan üstünlikleriniň, olar üçin döredilen döwrebap mümkinçilikleri beýan edilýär. Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan  döwrebap usulda neşir edilen kitabyň sahypalarynda bagtyýar ýaşlarymyzyň durmuşyndan bagtly pursatlary açyp görkezýän ýokary hilli fotosuratlaryň hem ýerleşdirilendigi onuň täsirliligini has-da artdyrýar.

Ajaýyp zamanamyzda «Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi, onuň binýadynda «Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasynyň» tassyklanylmagy, ýaş nesillerimiziň bilim almakda, zähmet çekmekde döwlet tarapyndan uly goldawa eýedigini açyp görkezýär. Ýaşlar döwletimiziň durnukly ösüşini üpjün etmäge, ykdysady kuwwatyny berkitmäge, şeýle hem döwlet we milli maksatnamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýarlar. Olar bilim, ylym, medeniýet hem-de tehnologiýa babatda ýurdumyzyň ösüş depginine mynasyp goşant goşýarlar.

Bütin dünýäde adamzat ykbalynyň ýagty geljegi üçin beýik işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, tutýan beýik tutumly işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!

Aýjan Omarowa

DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň  Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasynyň mugallymy
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2285
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0