Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi — geljegi nazarlaýan ösüşler

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi — geljegi nazarlaýan ösüşler
Makalalar
06.02.2024, 10:12
225
0
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi — geljegi nazarlaýan ösüşler

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ýanwar aýynda ýurdumyzyň ösüşinde möhüm ähmiýetli şanly senelere uly orun degişli bolup durýar. Ýurdumyzyň döwlet gurluşynda möhüm orun eýeleýän özgertmeleriň biri hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegidir. Şu ýylyň 21-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegine bir ýyl dolýar. Halk Maslahatynyň ygtyýarlyklary barada aýdylanda, olar konstitusion kanunlary kabul etmek, olara üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek meseleleri boýunça tekliplere garamak hem-de Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda beýleki ygtyýarlyklary öz içine alýar.

Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda geçen ýylyň 21-nji ýanwarynda geçirilen umumymilli forumda​ ata-babalarymyzyň has möhüm syýasy, ykdysady, medeni-durmuş meselelerini jemgyýetçiligiň ygtyýarly wekilleri bilen maslahatlaşyp çözmek ýaly asylly ýörelgelere eýerilip, Türkmenistanyň Halk Maslahaty döredildi. Taryhy umumymilli forumyň dowamynda «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda», «Türkmen halkynyň Milli Lideri hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunlarynyň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy, goldanyldy we makullanyldy. Bu Konstitusion kanunlar hormatly Prezidentimiz tarapyndan gol çekilen pursadyndan, ýagny 2023-nji ýylyň 21-nji ýanwaryndan herekete girizildi.

Wekilçilikli edaralaryň işiniň kämilleşdirilmegi netijesinde döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan talabalaýyk işleri guramakda zerur bolan kanunçylyk namalarynyň çalt we ýokary hilli kabul edilmegi, herekete girizilmegi, ýerine ýetirilmegine gözegçilik edilmegi üçin kanunçylyk-hukuk şertleri döredilýär. Bir palatadan ybarat bolan Türkmenistanyň Mejlisiniň döredilmegi baradaky teklipler esasynda işlenip taýýarlanan «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunyna «Türkmenistanyň Halk Maslahaty Türkmenistanyň halkynyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edaradyr, ony döretmegiň tertibi we ygtyýarlyklary Konstitusion kanun bilen kesgitlenýär» diýlen kada girizildi.

«Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň mazmunynda halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy — Türkmenistanyň Halk Maslahatyny esaslandyrmagyň, düzüminiň, Başlygynyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işiniň guralyşynyň kanunçylyk esasy kesgitlenildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işiniň ýörelgeleri demokratiýa, aýanlyk, adalatlylyk, kanunyň hökmürowanlygy, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny ileri tutmakdan, adamyň we raýatyň kanunyň öňündäki deňligi, adamyň hukuklaryna hem-de azatlyklaryna hormat goýmakdan, çözgütleri erkin ara alyp maslahatlaşmakdan we kabul etmekden, jemgyýetçilik pikirini nazara almakdan ybarat bolup durýar.

Şanazar Çaryýarow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0