Türkmenistan — ÝUNESKO: hyzmatdaşlygyň oňyn netijileri

Türkmenistan — ÝUNESKO: hyzmatdaşlygyň oňyn netijileri
Makalalar
16.02.2024, 18:59
189
0
Türkmenistan — ÝUNESKO: hyzmatdaşlygyň oňyn netijileri

Ýurdumyzda umumadamzat gymmatlyklarynyň hazynasyna ägirt uly goşant goşan halkymyzyň medeni we ruhy mirasyny gorap saklamak, baýlaşdyrmak, ony dünýäde giňden wagyz etmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Bu ýörelge Watanymyzyň döwlet syýasatynyň we daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunda döwletara derejede bolşy ýaly, abraýly halkara düzümleriň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegine hem aýratyn üns berilýär. Ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet baradaky guramasy (ÝUNESKO) bilen 1993-nji ýyldan bäri özara ysnyşykly gatnaşyklary alyp barýar. Geçen döwürde bu abraýly halkara gurama bilen taryhy hem-de medeni mirasy goramakda, milli gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmakda, bilim we ylym babatda birnäçe taslamalar üstünlikli amala aşyryldy.

2023-nji ýylda Türkmenistanyň 2023 – 2027-nji ýyllar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň (CIGEPS) düzümine saýlanylmagy ýaşlarymyzyň saglygyny goramaga, olaryň sagdyn durmuşda ýaşamagyna, hemmetaraplaýyn we sazlaşykly ösmegine, sport we döredijilik bilen meşgullanmagyna, milli we umumadamzat ruhy gymmatlyklary esasynda terbiýelenmegine gönükdirilen syýasatymyzyň halkara giňişliginde uly goldanma eýe bolýandygynyň nobatdaky subutnamasy boldy.

Ýurdumyz, aýratyn hem paýtagtymyz Aşgabat şäheri dünýäniň halkara sport hyzmatdaşlygynyň merkezine öwrüldi. Sport hereketini ösdürmegiň we Türkmenistan tarapyndan halkara sport hyzmatdaşlygynyň doly döredilmeginiň iň ýokary derejesi soňky ýyllarda alnyp barylýan sport diplomatiýasynda öz beýanyny tapýar. Ýurdumyzyň 2017 — 2021-nji ýyllar döwri üçin hem ÝUNESKO-nyň bu düzüminiň agzalygyna saýlanandygyny we onuň işine işjeň gatnaşandygyny bellemek gerek.

Muhammet Geldiýew

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0