Ýylgyryş

Ýylgyryş
Makalalar
02.07.2023, 16:49
105
0
Durmuşda — abraý bilen baýlygyň ýa-da durmuşdan hoşal bolan güler ýüzlüligiň — haýsy hem bolsa birini saýla diýseler, elbetde, men pikirlenmän, güler ýüzlüligi saýlardym.

Käbir adamlar bar, islendik zatdan şumluk we şowsuzlyk tapar. Käbirleri bar, islendik zatdan üstünlik, şowlulyk we bagt tapar. Käbir öý bikesiniň hatadan we hatardan başga zat gözüne ilmez. Her sagadyny, her minutyny sähetsiz, şowsuz geçen wagt hasaplar. Näme üçin, bilýäňizmi? Sebäbi döwlen bir käse üçin, nahara artyk atylan bir çümmük duz üçin, otagda aýagyna çolaşan birje sapak üçin...​

Ýaşaýyş, durmuş — bu bir sungat. Siz özüňizi ujypsyz, ýönekeýje zatlar üçin ýaradylan ynsan hökmünde göz öňüne getirseňiz, onda durmuşda kiçi we ýönekeý zatlardan başgasyny gazanyp bilmersiňiz. Eger özüňizi beýik işler üçin ýaradylan adam hasaplasaňyz, onda özüňizde demri, daşy owradyp bilýän güýjüň bardygyny duýarsyňyz. Şonuň üçin öňüňizde anyk we beýik maksat goýuň! Goý, ol almasy aňsat, ýetmesi ýeňil bolmadyk abraýly, mertebeli maksat bolsun! Siz her gün şol maksadyňyza tarap hereket ediň! Her günde täze bir ädim bilen öňe ýöräň, ýylgyryň, şowlulyga tarap ädim ädiň! Ýylgyrýan, göwnaçyk adam her näçe kynçylyk görse-de, ýylgyrar, gaýta, ýene bir kynçylygy ýeňjekdigine göz ýetirer. Ýüzüni sowman, kynçylyk bilen göreşer. Çäresini tapar, ýylgyrar. Maksadyna ýeter, ýene ýylgyrar. Tutuksy, lapykeç adamlar bolsa ýönekeý kynçylygy göreninden, yzyna serpigip gaçar, süňňi gowşar, gujur-gaýratyndan nam-nyşan galmaz. Bahana yzyna bahana gözläp başlar. Ol üstünlik gazanmak islär, ýöne yhlas edesi, zähmet çekesi gelmez. Ol asmandan ýagyş däl, altynyň ýagmagyna, bir hazynanyň üstünden barmagyna garaşyp gezer. Her bir agyr, kyn zat kiçi, ejiz köňüllere has agyr bolup görünýändir. Göwnüňi çökerip, ruhuňy berbat edýän iň hatarly zat öz gymmatyňy bilmezlikdir. Özüňi pes, emelsiz, başarnyksyz adam hökmünde göz öňüne getirmeklikdir. Öz pesligiň, ejizligiň hakdaky şeýle ters pikirler özüňe, güýç-kuwwatyňa, ukyp-başarnygyňa bolan ynamy kül edip taşlaýar. Şeýdibem, şowsuzlyga uçraýarsyň. Unutmaň, size berlen bu durmuşda her kimiň hem öz orny bardyr. Bu durmuşda diňe ýylgyryň. Goý, ýylgyryş sizi üstünliklerden-üstünliklere ýetirsin!

Rähmetgeldi Nepesow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0