«Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşi döredildi 

«Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşi döredildi 
Makalalar
12.03.2024, 18:25
99
0
12.03.2024ý.

«Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşi döredildi 

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň il-ýurt bähbitli milli maksatnamalaryny we halkara başlangyçlaryny amala aşyrmak bilen bagly işleri döwrüň talaplaryna laýyk guramak hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň düzüm birlikleri bilen amala aşyrylýan taslamalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy ulgamlaýyn esasda alyp barmak maksady bilen, Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşi döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.

Ýadyňyzda bolsa, 7-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşi barada hasabat berildi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy bilen ykdysady, ekologiýa, ynsanperwer we beýleki ulgamlarda gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalaryň esasynda netijeli hyzmatdaşlyk edýändigi bellenildi. Döwletimiziň milli maksatnamalaryny we halkara başlangyçlaryny döwrüň täzeçil talaplaryna laýyk getirmek, BMG-niň ähli düzüm birlikleri bilen durmuşa geçirilýän taslamalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygy ulgamlaýyn esasda alyp barmak üçin «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşini döretmek teklip edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şol mejlisiň dowamynda Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň Bitarap Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigine ünsi çekip, ýurdumyzyň bu gurama bilen hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmäge aýratyn üns bermegiň zerurdygyny nygtady. Şoňa görä-de, «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň işiniň wajypdygy bellenilip, degişli ýolbaşça bu ugurda anyk işleri geçirmek tabşyryldy.

Netijede, «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň döredilmegi we onuň düzüminiň tassyklanylmagy degişli ugurda meýilleşdirilen işleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär. Çünki döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli tagallalarynyň netijesinde, Türkmenistanyň halkara abraýy barha artýar, ähli gyzyklanma bildirýän döwletler bilen dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegi, iri halkara we sebit düzümleri, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarydyr.

Akmyrat Orazhümmiýew

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0