Türkmen wekiliýeti Bütindünýä hökümet sammitine gatnaşdy

Türkmen wekiliýeti Bütindünýä hökümet sammitine gatnaşdy
Makalalar
05.03.2024, 18:02
121
0
05.03.2024ý.

Türkmen wekiliýeti Bütindünýä hökümet sammitine gatnaşdy

Ýurdumyzyň wekiliýeti hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça şu ýylyň 11 — 14-nji fewraly aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen Bütindünýä hökümet sammitine gatnaşdy.

Bu iri forum 120-den gowrak döwletiň, 80-den gowrak halkara guramanyň, şeýle hem iri kompaniýalaryň wekillerini bir ýere jemledi. Sammitiň gün tertibine laýyklykda, döwlet dolandyryşyny özgertmek we onuň netijeliligi, emeli aň, geljegiň ykdysadyýeti, geljegiň jemgyýeti hem-de bilimi, durnuklylyk, täze ählumumy tagallalar, şäherleşmäniň, saglygy goraýşyň ileri tutulýan ugurlary bilen baglanyşykly esasy alty mesele ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Bütindünýä hökümet sammitinde beýan eden üçünji teklibi durnukly ösüş ulgamynda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlaryna esaslanýan ýapyk aýlanyşykly ykdysadyýete geçmek boýunça Çarçuwaly ählumumy maksatnamany işläp taýýarlamak bilen baglanyşyklydyr. Şunda onuň düzüminde bitewi standart görkezijileri we hasabatlylygy ýöretmek, aýratyn wajyp tebigy serişdeler babatda halkara derejede hyzmatdaşlyk etmek, Ýapyk aýlanyşykly ykdysadyýetiň tehnologiýalarynyň ählumumy innowasion gaznasyny döretmek, mümkinçilikleri artdyrmak we tejribe alyşmak ýaly esasy dört ugur ileri tutulýan wezipe hökmünde görkezildi.

Jemläp aýdanyňda, ählumumy gün tertibiniň wajyp meseleleri boýunça sazlaşykly çözgütleri işläp taýýarlamakda täze başlangyçlary öňe sürmek bilen, Bitarap Türkmenistan sebit hem-de halkara derejede Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça umumy tagallalara uly goşant goşýar.

Altynaý Mämmedowa

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ mugallymy
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2284
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1655
0