Bedewler

Makalalar
Türkmen bedewiniñ milli baýramy
Şu gün, ýagny 25-nji aprelde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde uzak aralyga atly ýöriş bäsleşigi geçirildi. Atly ýöriş bäsleşigini Ahal welaýat häkimligi hem-de «Türkmen atlary» döwlet birleşigi bilelikde gurady.
Bäsleşigiň badalga bermek üçin niýetlenilen ýörite taýýarlanan meýdançasy ir säherden toý ruhuna beslendi. Badalga berilýän ýerde meşhur estrada aýdymçylaryň, ussat bagşylaryň, tans we halk döredijilik toparlarynyň joşgunly çykyşlary ýaňlandy.
Bäsleşige ulyýaşar saýlama bedewleriň 20-si goşulyp, iki tapgyrda özara güýç synanyşdylar. Her tapgyr 30 kilometrden ybarat boldy. Uzak aralyga geçmek boýunça geçen nobatdaky atly ýöriş bäsleşigi ahalteke bedewleriniň çydamlylygyny, ýyndamlygyny kesgitlemekde örän ähmiýetli boldy.
Lebap welaýatynyñ Çärjew etrabynyñ ŷõriteleşdirilen 42-nji orta mekdebiniñ mugallymy
Göwheraý Orunowa
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+EnterКомментарии (0)
In Kop Seredilen

Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...

Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...