Sanly ykdysadyýetde uly ösüşler gazanylýar

Sanly ykdysadyýetde uly ösüşler gazanylýar
Makalalar
19.02.2024, 17:39
206
0
19.02.2024ý

Sanly ykdysadyýetde uly ösüşler gazanylýar

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzyň ykdysadyýeti çalt depginler bilen ösdürilip, ylmyň we tehnikanyň täze gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmakda giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňe sürýän oýlanyşykly ykdysady syýasaty netijesinde ýurdumyzyň halk hojalygy ösüşli ýol bilen öňe barýar. Döwlet Baştutanymyzyň tagallalary bilen sanly ykdysadyýeti ösdürmeklige uly üns berilýär.

Bilşimiz ýaly, 2019-njy ýylyň başynda “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy” kabul edildi. Netijede, ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegine giň ýol açylyp, tutumly işlere badalga berildi. Soňky ýyllarda bu kämil ulgamyň durmuşa giňden ornaşdyrylmagy ýurdumyzyň halk hojalygynyň önümçiligini dolandyrmakda, beýleki ugurlarda has netijeli ösüşleri gazanmakda täze mümkinçilikleri döretdi.

Täze ulgamyň ösdürilmegi beýleki ugurlar bilen birlikde, bilim ulgamynyň işini has-da kämilleşdirmekde uly ähmiýete eýe boldy. Sanly ulgam mugallymlar üçin talyplara bilim berip, hünär öwretmekde goşmaça amatlyklara ýol açylyp, ýaşlaryň ýokary taýýarlykly bolup ýetişmeklerinde has bähbitli şertleri döretdi.

Kerim Garlyýew

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1659
0